Dünýä ýurtlary Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýärler

BAE ýer titremeler sebäpli Türkiyä we Siriýa 215 uçar bilen ynsanperwer kömek ugratdy.

BAE-niň Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, BAE-niň Döwlet baştutany Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýanyň 7-nji fewralda beren görkezmesine laýyklykda Türkiyede we Siriýada ýer titremede zyýan çeken adamlara goldaw bermek maksady bilen başladylan "Ýigit atly goşun 2" atly operasiýa barada maglumat berildi.

Şol çäräniň çäginde Türkiyä we Siriýa 215 uçar bilen 5 müň 975 tonna ynsanperwer kömek ugradylandygy habar berildi.

Beýleki tarapdan Pakistanyň hökümedi tarapyndan 50 müň çadyryň daşalmagy bilen bagly "Ýörite uçuş operasiýasynyň" çäginde ugradylan 1 müň 200 çadyryň ýüklenen ilkinji uçar, Lahor şäherinden uçanyndan soň Adana şäherine geldi.

Ynsanperwer kömek uçardan düşürilip, ýer titremäniň başdan geçirilen sebite ugradyldy.

Beýleki tarapdan takmynan 13 müň 600 adamlyk çadyr daşaýan 3 gäminiň Pakistandan Türkiyä tarap ýola çykandygy we şu aý Mersine gelip ýetjekdigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy
Prezident Erdogan Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine sport welosipedini sowgat ýollady
Erdogan Gurban baýramy mynasybetli daşary ýurtly liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan BAE-niň döwlet baştutany Al Nahaýany Gurban baýramy bilen gutlady