Dünýäde çakyr önümçiligi soňky 60 ýylda iň pes derejä düşer

Dünýäde çakyr önümçiligi soňky 60 ýylda iň pes derejä düşer

Bütin dünýäde ýaramaz howa şertleri bul ýyl çakyr önümçiliginiň soňky 60 ýylda iň pes derejä düşmegine sebäp bolup biler diýip, BBC habarlar gullugyna salgylanýan Inform.kz saýty ýazýar.

Üzümçiligiň we çakyryň halkara guramasy (OIV) 2023-nji ýylda çakyr önümçiliginiň geçen ýyldakydan 7 göterim töweregi pes boljakdygyny çaklaýar. Ýagny hasyl 1961-nji ýyldan bäri iň bitgisiz bolar.

Gurama ýagdaýy ýaramaz howa şertleri, şol sanda aýazly howa, güýçli ýagyşlardyr guraklyk bilen baglanyşdyrýar. Seljerme bu içginiň dünýä önümçiliginiň 94 göterimini üpjün edýän ýurtlardaky hasabatlardan ugur alnyp geçirildi.

BBC habarlar gullugy çakyr önümçiliginiň 60 göterimini üpjün edýän Ýewropa ýurtlarynda, şol sanda Ispaniýada, Italiýada guraklyk bilen baglylykda, hasylyň 14-12 göterim derejede azalandygyny habar berýär.

Günorta ýarymşarda çakyry iň köp öndürýän ýurt bolan Çiliniň çakyr öndürijileri guraklykdyr tokaý ýangynlary sebäpli hasylyň 20 göterimini elden giderdiler. Hasyl Awstraliýada hem ep-esli pese gaçdy.

Emma çakyr önümçiligi Fransiýada we ABŞ-da öňküsinden hem ýokary netijäni görkezýär, mysal üçin, ABŞ-da önümçilik 2022-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 12 göterim artdy.

Ýene degişli makalalar

Gresiýada Aleksandr Makedonlynyň köşgi 16 ýyldan soňra gaýtadan açyldy
Gawaý adalaryny güýçli ýangyn gurşady
Ýeriň ilatynyň ýarpy bölegi 2035-nji ýylda semizlikden ejir çeker
Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi
Ilon Maskyň beýni çip taslamasyna adamlarda synag geçirilmegi üçin ygtyýar berildi
Rembrandyň iki nakgaşlyk eseri 14 million dollara satyldy