Dünýäde elektrik transportynyň satuwy iýul aýynda 61% ýokarlanyp, 778 müňe barabar boldy

Dünýäde elektrik transportynyň satuwy iýul aýynda 61% ýokarlanyp, 778 müňe barabar boldy

2022-nji ýylyň iýul aýynda 778 092 täze elektrik transport serişdesi hasaba alyndy we bu bir ýyl ozalkydan 61% köpdür. Indi elektrik transporty bazaryň 14%-ini eýeleýär, şol sanda “arassa” elektromobilleriň paýyna 10% düşýär. Bu barada EV-Volumes-yň maglumatlaryna salgylanyp, INSIDEEVs çeşmesi habar berýär. Muny 3dnews.ru ýetirýär.

Dünýäde iýul aýynda 556 müň töweregi elektromobil (ösüş ýyllyk aňlatmasynda 73%, bazaryň 10%-i) we 222 müň töweregi gibrid (ösüş 36%, bazaryň 4%-i) jemi 778 092 ulag serişdesi hasaba alyndy.

Bu geçen ýylyň iýul aýyna garanyňda 61% köpdür, jemi bazar paýy bolsa 14%-e ýetdi. Ýylyň başyndan bäri 4 928 376 milliondan gowrak (bazaryň 12%-i) birikdirilýän elektrik transport serişdesi hasaba alyndy (2021-nji ýylda olaryň sany 6,5 mln bolupdy): 3,66 mln elektromobil (bazaryň 8,9%-i) we 1,27 mln gibrid (bazaryň 3,1%-i).

Iýul aýynda Hytaýyň BYD markasy beýlekilerden üstünlikli çykyş etdi, onuň dürli modelleri dünýäde iň köp satylan onlugyň ýarysyny eýeledi, Ilon Maskyň kompaniýasynyň iň meşhur modeli Tesla Model Y bolsa diňe dördünji boldy bir aýda 29 829 nusga hasaba alyndy, lider bolsa 37 784 sany hasaba alnan bilen “arassa” we gibrid wersiýalarda BYD Song boldy. 2022-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynyň jemi boýunça bolsa Tesla Model Y öňdebaryjy boldy 344 928 birlik hasaba alyndy.

Iki sanawda-da ikinji orny Wuling Hongguang Mini EV eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Elektroulagda Aziýa öňde
“Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Hytaýda satylan ulaglaryň 27 göterimi elektrikli
Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy