Dünýäde ýeke ýaşaýan adamlaryň sany barha artýar

Soňky sekiz ýylda dünýädäki ýeke ýaşaýan adamlaryň sany, azyndan, 100 million artdy.Bu tendensiýa ösen ýurtlaryň köpüsinde syn edilýär diýip, “The Economist” žurnaly ýazýar.Iň gurply 30 ýurduň seljermesinde 2010-njy ýyldan bäri olaryň 26-synda ýeke ýaşaýanaryň paýynyň artandygy ýüze çykaryldy.

Birleşen Ştatlarda 25-34 ýaş aralygyndaky ýeke ýaşaýan raýatlaryň sany soňky 50 ýylyň dowamynda iki esse artdy: erkekleriň 50%-i we zenanlaryň 41%-i ýoldaşsyz ýaşaýar.

Neşir bu meýli zenanlaryň ykdysady garaşsyzlygynyň artmagy we durmuş gurmak üçin jemgyýetçilik basyşynyň azalmagy bilen baglanyşdyrýar. Şol bir wagtyň özünde, pes girdejili erkekler üçin ýoldaş tapmak has-da kynlaşýar. Goşmaça faktor sosial media bolup, ol indiki ýanýoldaşlardan has köp garaşmalary döredýär we tanyşlyk howsalasyny güýçlendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ähli döwürleriň iň oňat maýadarlarynyň biri Jim Saýmons aradan çykdy
Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
The Economist: Türkmenistanyň Germaniýadaky banklarda 23 milliard dollary bar, bank hasaplaryň eýeleri nämälim
Germaniýa $23 milliard çykaran Türkmenistanyň köpçülikleýin migrasiýa tapan çözgüdi
Ýaşamak üçin iň amatly şäherler