The Economist
Türkmenistanyň raýatlaryna ýurtdan çykmaga gürrüňsiz rugsat berilýär diýip, ýurduň Migrasiýa gullugy apreliň ortasynda berk aýak depdi.Bu beýanat 30 ýaşdan aşakdaky erkekleriň halkara uçarlarynyň reýslerinden alnyp galynýandygy baradaky maglumatlara jogap hökmünde ýaýradyldy.
Emma soňky hepdelerde 40 ýaşa çenli erkekleriň hem halkara uçarlaryna goýberilmeýändigi habar berlip başlandy.Onsoň häkimiýetler köpçülikleýin migrasiýanyň öňündäki çäresizlikden halys lapykeç bolup, öz ildeşlerini uçara münmekden zoňtar saklamakdan başga çäre tapmadyk ýaly görünýär.
Dünýäniň dördünji uly gaz gorlaryna eýe bolan we bary-ýogy 5 million ilatly Türkmenistan abadan, gülläp ösýän ýurt bolmaly.Emma onuň dolandyryjylary hem Eýran, hem Orsýet bilen aralaryny bozdular we gaz söwdasynda diňe hytaýly alyjylary bilen galdylar.
Hytaýa satylýan gazdan gelýän girdejiniň bolsa köp bölegi gazyň akýan geçirijisini gurmak üçin karz alnan pullaryň tölegine gidýär.Galan pullaryň bir bölegi bolsa, boş haňlap ýatan laçyn şekilli uçar menzili, Hazar deňziniň kenarlarynda gurlan kaşaň, ýöne kän adam barmaýan kenar kurorty ýaly “ak pillere” uly harajat çykarylan girdejisiz binalara sowruldy.
Netijede eslije pul ýurtdan daşarlaryk çykaryldy.Halkara bank hasaplarynyň maglumatlary Germaniýadaky hasaplarda Türkmenistana degişi 23 milliard dollaryň toplanandygyny görkezýär. Ýöne ol maglumatlar bu hasaplaryň eýeleriniň kimlerdigini açmaýar.
Yzda, ýurtda bolsa ykdysady çökgünlik dowam edýär.Hökümet ýerli puluň alyş-çalyş kursuny bir dollara 3,5 manat derejesinde saklaýar.Emma muňa garamazdan, gara bazardaky dollaryň bahasy 25 manada golaý.
Hökümet bu düzgüni saklamak üçin berk pul kontrollygyny, şol sanda halkara pul geçirişine hem ýowuz çäklendirme girizdi.Türkmen raýatlarynyň daşary ýurtdaky bankomatlar arkaly öz bank hasaplaryndan çykaryp bilýän pullarynyň gündelik möçberi 12 dollar çenli çäklendirilip, bu olaryň ýurt içindäki resmi pul kursundan görýän ýeke-täk bähbitleri bolup durýar.
Daşary ýurt pulunyň ýetmezçiligi firmalaryň import etmek mümkinçiligini ýowuz çäklendirýär we bu ýagdaý inflýasiýany güýçlendirdi. Netijede ýurduň döwlet eýeçiligindäki dükanlarda, bahalaryň belli bir derejede pes saklanýan ýerlerinde azyk üçin uzyn nobatlar döredi. Munuň üstesine, dükanlaryň kassirleri alyjylaryň şol töwerekde ýaşaýandygyny tassyklaýan dokument görkezmegini talap edýärler.
Daşar ýurt walýutasynyň gytçylygy daşary ýurt firmalarynyň öz töleglerini almagyny we girdejilerini daşaryk çykarmagyny tas mümkin däl derejede kynlaşdyrýar. “Reuters” habar gullugy iýunda Türkmenistanda hökümet şertnamalary esasynda işleýän türk komapaniýalarynyň haklarynyň ýyllap tölenilmändigini habar berdi.
Hökümet ýagdaýdan çykalga agtaryp, iň möhüm pudak bolan gaz senagatynda hem iş orunlarynyň sanyny azaltmaga ýüz urdy.Daşary ýurt analitikleri ýurtdaky işsizligiň derejesiniň 50-60 prosente barabardygyny, köp türkmeniň garaz bir güzeran dolamak üçin taksi sürmek ýaly çem gelen iş bilen meşgullanýandygyny aýdýarlar.
Aýlygyny ýeterlik görmeýän polisiýa bolsa, çala çyrşagy ýa hapasy bolan islendik maşyna jerime salyp, bu ýagdaýdan öz nepini gözleýär.Geň galasy iş ýok, aç we işsiz türkmenler başga bir ýerlerden rysgalyny gözleýär ýa-da, eger hökümet ýol berse, gözlärdi.
