Dünýäde Zähmetkeşleriň Halkara güni baýram edildi

Dünýäde Zähmetkeşleriň Halkara güni baýram edildi

Bütin dünýäde 1-nji maý Zähmetkeşleriň halkara güni bellendi. 1-nji maý resmi taýdan 1917-nji ýylyň Oktýabr rewolýusiýasyndan soňra bellenip başlandy. Ol ilki Internasional güni diýlip atlandyryldy, soňra oňa Zähmetkeşleriň Halkara raýdaşlyk güni diýip at berdiler.

Bu baýram XIX asyrda Awstraliýada sekiz sagatlyk iş gününi girizmek bilen bagly talabyň öňe sürülmegi bilen bagly döredildi.

Biziň günlerimizde 1-nji maýy dünýäniň 142 ýurdunda baýram edýärler.

Russiýada we Täjigistanda ol Bahar we zähmet güni, Belarusda, Gyrgyzystanda, Hytaýda hem-de Şri-Lankada Zähmet güni diýlip atlandyrylýar.

Zähmeti Gadymy Rimde-de şöhratlandyrypdyrlar, ýagny zenan hudaý Maýýa topragyň we bol hasyllylygyň hökümdary saýylypdyr, onuň hormatyna baharyň ahyrky aýy Maý diýlip atlandyrylypdyr.

Birinji maýyň resmi däl nyşany gwozdika gülüdir.

Bu ýyl baýram Russiýada, Belarusda giňden bellenildi, adamlar köpçülikleýin seýilgählerde gezelenç etdiler, konsertler guraldy. Russiýada we Belarusda karhanalarda zähmetkeşler toparlarynyň öňdebaryjylary sylaglandy.

Gazagystanda bu güni Halk bitewüliginiň güni hökmünde baýram etdiler. Bu baýramçylyk ýurtda 1996-njy ýyldan bäri bellenýär.

Moldowada bolsa 1-nji maý resmi taýdan dynç güni. Adamlar baýramçylygy öýlerinde bellediler. Seýilgählerde gezelenç edýänler hem köp boldy.

1-nji maý Gyrgyzystanda, Azerbaýjanda-da bellenildi.

Zähmetkeşleriň Halkara raýdaşlyk güni Amerikada, Ýewropada, Meksikada hem bellendi. Meksikada 1-nji maý dünýäde iň janypkeş jandar bolan eşegiň hormatyna 60-njy gezek Eşegiň güni hökmünde baýram edildi. Olary bezäp, boýunlaryna lenta dakdylar. Eşek çapmak ýaryşlary hem guraldy. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen işewürleri Buharestde geçiriljek halkara sergä gatnaşarlar
Türkmen telekeçileri Bakudaky oba hojalyk sergisine ilkinji gezek gatnaşarlar
Şri-Lankada 150 müňe golaý adam içimlik suwuň ýetmezçiligine duçar boldy
Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar
Türkmenistanly okuwçylar küşt boýunça Aziýanyň çempionatynda ýene iki medal gazandylar
Ýaşajyk türkmen küştçüsi Günbatar Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy