Dünýäniň hökümetleriniň habar beriş tehnologiýalara çykdajylary artar

Dünýäniň hökümetleriniň habar beriş tehnologiýalara çykdajylary artar

Dünýäniň hökümetleriniň habar beriş tehnologiýalaryna çykdajylary öňdäki 2023-nji ýylda 6,8 göterim ýokarlanar we 589 milliard dollara deň bolar. Bu barada Gartner Inc. seljermeler kompaniýasynyň çaklamasynda bellenýär diýip, Interfax.ru ýazýar.

Hökümet edaralary könelen habar beriş tehnologiýalaryny täzelemegi dowam edýärler hem-de sanly hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrýan başlangyçlara maýa goýýarlar. Sebäbi ilat döwlet we hususy pudakda hyzmatyň ösen derejesinden peýdalanmak isleýär diýip, kompaniýanyň baş seljerijisi Deniel Snaýder aýdýar.

Çykdajylar, hususan-da, enjamlar babatda artar diýlip garaşylýar, sebäbi ulanyjylar henizem koronawirus ýokanjy döwründen öň satyn alnan enjamlardan peýdalanýarlar.

Çykdajylaryň has uly bölegi programma üpjünçiligi segmentinde 12,5 göterim artar, IT-hyzmatlar üçin çykdajylar 7,9 göterime çenli ýokarlanyp biler diýlip, çaklamada bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Don Kihotyň ilkinji neşirleriniň ikisi auksiona çykarylar
PepsiCo içgileriniň 30 göterimini gaýtadan işlenilýän gaplarda satmakçy
Ilkinji ýolagçy uçaryny taýýar etdi
Apple dünýäniň iň täsirli brendleriniň sanawynda öňe çykdy