Ilkinji ýolagçy uçaryny taýýar etdi

Hytaýyň ýerli ýolagçy uçary bolan C919-yň ilkinjisiniň taýýar edilip, müşderä ýetirilendigi mälim edildi. “China Eastern” awiakompaniýasynyň satyn alan howa gämisiniň geljek ýyldan başlap ulanyljakdygy habar berildi. Şanhaýdaky Pudun halkara aeroportundan uçan howa gämisi şol şäherdäki Hunsýao Halkara howa menziline gonup, müşderisine gowşuryldy.

Hytaýly hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan uçar 156-168 aralygynda ýolagçy orunlyk bolup, orta uzaklyga gatnamaga niýetlenendir. Hytaýyň “China Eastern” awiakompaniýasy bu uçardan jemi 5 sanysyny sargyt edipdir.

Häzirki wagtda dünýäde ýolagçy uçar önümçiliginde “Boeing” hem-de “Airbus” kompaniýalary öňdeligi eýeleýär. “Comac” kompaniýasynyň işläp taýýarlan uçaryny öndürmek üçin “General Electric Co.”, “Honeywell International Inc.” hem-de Fransiýanyň “Safran SA” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edilýär.

Medine Mämmedowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Waşingtonda Türkmen-amerikan işewürlik forumy geçirildi
“Ýüzükleriň hökümdary” eseri esasynda täze film Gollumyň başdan geçirmeleri ekranlaşdyrylar
Don Kihotyň ilkinji neşirleriniň ikisi auksiona çykarylar
PepsiCo içgileriniň 30 göterimini gaýtadan işlenilýän gaplarda satmakçy
Dünýäniň hökümetleriniň habar beriş tehnologiýalara çykdajylary artar
Apple dünýäniň iň täsirli brendleriniň sanawynda öňe çykdy