Dünýäniň ilaty 8,2 milliarddan geçdi

Dünýäniň ilaty  8,2 milliarddan geçdi

Birleşen Milletler Guramasynyň ýaýradan maglumatlarynyň seljerilmegi netijesindäki çaklamalara görä, geçen ýyl dünýäniň ilaty 8,2 milliard adamdan geçdi. Ýer ýüzüniň ilaty 1998-nji ýylda 6 milliard, 2010-njy ýylda 7 milliard, 2022-nji ýylda 8 milliard sepgide ýetipdi.

Worldometer statistika platformasynyň çaklamasyna görä, dünýäniň ilatynyň 59 göterimi Aziýada, 19 göterimi Afrikada, 9 göterimi Ýewropada, 8 göterimi Latyn Amerikasy we Karib sebiti ýurtlarynda, 5 göterimi Demirgazyk Amerikada ýaşaýar.

Ilatyň 2037-nji ýylda 9 milliarda, 2060-njy ýylda 10 milliarda ýetmegine garaşylýar.

Dünýäde ilaty 100 milliondan geçen 16 ýurt bar. Hytaý bilen Hindistan bolsa ilaty milliarddan geçen ýurtlar hasaplanýar. Bu iki ýurt dünýä ilatynyň ýarysyna golaýyny emele getirýär. Ilaty 200 milliondan geçen bäş ýurt bar: ABŞ (347 million), Indoneziýa (285 million), Pakistan (255 million), Nigeriýa (237 million) we Braziliýa (212 million).

Ýewropada ilaty 100 milliondan geçen ýurt ýok. Sebitiň iň köp ilatly ýurdy Germaniýanyň 85 million töweregi ýaşaýjysy bar.

Geçen ýyl Indoneziýanyň paýtagty Jakarta (42 million) dünýäniň iň köp ilatly şäheri adyna eýe boldy. Ilaty 37 milliona ýeten Dakka (Bangladeş) ikinji ýeri eýeledi. Mundan ozal dünýäniň iň köp ilatly şäheri hasaplanan Ýaponiýanyň paýtagty Tokio (33 million) üçünji orna düşdi.

Rüstem Mämmedow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.

Ýene degişli makalalar

Olimpiýa oýunlary syýahatçylaryň sanyny artdyrdy
ZSL: Dünýäde ýabany haýwanlaryň sany 50 ýylda 73 göterim azaldy
Ýabany haýwanlaryň sany 50 ýylda 73 göterim azaldy
Türkmenistan Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň ýörite mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ýubileý maslahaty geçirdi
Aşgabatda ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ýubileý maslahat geçirildi