ZSL: Dünýäde ýabany haýwanlaryň sany 50 ýylda 73 göterim azaldy

ZSL: Dünýäde ýabany haýwanlaryň sany 50 ýylda 73 göterim azaldy

Ýabany haýwanlaryň sany 1970-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli 73 göterim azaldy. Bu barada Londonyň zoologiýa jemgyýeti (ZSL) ylmy žurnallaryň we beýleki çeşmeleriň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. Munuň üçin haýwanlaryň 5,5 müň görnüşiniň sany seljerildi. Bu barada rg.ru ýazýar.

Hünärmenleriň pikirine görä, ýabany haýwanlaryň sanynyň azalmagyna adamyň işi sebäp bolýar.

Ýagdaý has-da Latyn Amerikasy we Karib deňziniň ýurtlarynda ýaramaz diýip, ZSL belleýär. Bu ýerde soňky 50 ýylda haýwanlaryň sany 95 göterim kemeldi.

Bu meselede oňyn ýagdaýlar hökmünde haýwanlary goraýjylar Afrikada dag gorillalarynyň sanynyň dikelmegini getirýär, şeýle-de ýabany bizonlaryň sany artdy, olar öň ýitip ýok bolmaga golaýlapdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň ilaty 8,2 milliarddan geçdi
Kolumbiýa ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy togtadýar
Olimpiýa oýunlary syýahatçylaryň sanyny artdyrdy
Ýabany haýwanlaryň sany 50 ýylda 73 göterim azaldy
Türkmenistan Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň ýörite mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ýubileý maslahaty geçirdi