Dünýäniň iň giň asma köprüsi

Müsüriň paýtagty Kairde dünýäniň iň giň asma köprüsi açylyp, ulanmaga berildi. “Rod al-Farag Axis” atly köpri Nil derýasynyň desganyň üstünden geçip, ini 67,3 metre ýetýär. Şeýlelikde, suwüsti desga dünýäniň iň giň köprüsi adyna eýe boldy. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sebitleýin müdiri köpriniň dünýäni iň giň asma köprüsidigini tassyklandyklaryny aýtdy.

Köpriniň gurluşygynda bir million kub metr beton we 160 asma polat urgan üçin jemi 1 müň 400 kilometr polat sim ulanylypdyr. Şäheriň demirgazygyndaky köpri gündogardaky Gyzyldeňiz bilen Müsüriň Orta ýer deňziniň kenarlaryna barýan ýollaryny birleşdirýär. Köpriniň paýtagtdaky ýol dyknyşygyny azaltmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hamas we Ysraýyl palestinalylaryň boşadylmagyndaky gijikme meselesini çözmek boýunça ylalaşdy
Abbas Bilen Abu Geýt Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Dünýäniň iň köp ilatly şäherleri
Hakan Fidan Müsüre Gider
Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi