Dünýäniň iň gowy şäherleri

“Euromonitor” halkara reýting şereketi 2022-nji ýylyň iň gowy şäherleriniň sanawyny mälim etdi.Sanaw taýýarlananda, syýahatçylyk, durnuklylyk, infrastruktura, saglygy goraýyş we howpsuzlyk we ykdysady kuwwaty ýaly jemi 57 ölçeg ulanylypdyr. 100 şäheriň arasynda Fransiýanyň paýtagty birinji bolupdyr.

Dubaý, Amsterdam we Madrid ilkinji basgançaklarda özüne orun tapypdyr. Ýewropanyň Rim, London, Mýunhen, Berlin we Barselona ýaly şäherleri ilkinji onluga giripdir.ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri ilkinji onluga giren bolsa, Los Anjeles 14-nji bolupdyr. “Time Out” žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy şäheri saýlanan Edinburg “Euromonitor”-yň sanawynda 54-nji bolupdyr.

“Euromonitor”-yň taslama boýunça müdiri Nadežda Popowa 2022-nji ýylda “Covid-19” pandemiýasynyň azalmagy bilen syýahatçylyk pudagyň gaýtadan işjeňleşendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Şotlandiýanyň birinji ministri işden gitmekçidigini yglan etdi
Prezident Erdogan ilçileriň ynanç hatlaryny kabul etdi
Prezident Erdogan Edinburgyň gersogy Edwardy kabul etdi
Karl III doglan gününi belledi
Ilkinji sürüjisiz awtobus gatnap başlady
Karl III täç geýdirildi