Şotlandiýanyň birinji ministri işden gitmekçidigini yglan etdi

Şotlandiýanyň birinji ministri işden gitmekçidigini yglan etdi

Şotlandiýanyň birinji ministri Nikol Sterjen iş başyndan gidýändigini yglan etdi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Şu gün men birinji ministr hem-de Şotlandiýanyň milli partiýasynyň başlygy wezipelerinden gitmekçidigimi habar berýärin diýip, Sterjen Edinburgda geçen metbugat-ýygnagynda aýtdy.

Ol şeýle-de täze birinji ministr saýlanýança özüniň wezipe borçlaryny ýerine ýetirjekdigini habar berdi.

Ol bu karara birnäçe hepde pikirlenenden soňra gelendigini sözüniň üstüne goşdy.

Sterjen Şotlandiýanyň birinji ministri wezipesinde 2014-nji ýyldan bäri işläp gelýär.

Ýene degişli makalalar

Çagalykda saz öwrenmek beýnini güýçlendirýär
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi
Emeli aň giňden ýaýraýar
Dünýäniň iň gowy şäherleri
Britaniýada mumiýa sözüni gadagan etmekçi bolýarlar
Şotlandiýanyň Täze Premýer-ministri Hamza Ýusuf Kasam Edip Wezipesine Başlady