Dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýalarynyň sanawy neşir edildi

Dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýalarynyň sanawy neşir edildi

Companiesmarketcap.com saýtynda maglumat berlişine laýyklykda, häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýalarynyň sanawynyň bäşliginiň başyny maýasy 742,46 milliard dollar bolan Tesla kompaniýasy çekýär.Ikinji we üçünji orunlary bolsa Ýaponiýanyň Toyota (228,44 milliard dollar) hem-de Hytaýyň BYD (131,4 milliard dollar) awtoulag kompaniýalary eýeleýär.

Bulardan başga hem iň gymmat sanawyň bäşligine Volkswagen (115,63 milliard dollar) hem-de Mercedes-Benz (78,02 milliard dollar) awtoulaglarynyň kompaniýalary girýär.

Eger bu ugurda kompaniýalary düşewüntliligi boýunça kesgitlenilende sanawyň yzygiderligi başgaçarak görnüşde bolýar.Has takygy, onda sanawda birinji orunda 29,47 milliard dollarlyk girdejisi bilen Volkswagen AG kompaniýasy, ikinji orunda 28,26 milliard dollar girdejisi bilen BMW kompaniýasy, şeýle-de üçünji orunda bolsa 26,34 milliardlyk girdejisi bilen Toyota kompaniýasy durýar.

Bäşligiň soňky iki ornuny bolsa Mercedes-Benz (20,18 milliard dollar) hem-de Ford (16,61 milliard dollar) kompaniýalary eýeleýär.Bu barada awtonews.ru saýty habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Elektroulagda Aziýa öňde
Pariž awtoulag sergisi başlady
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
“Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy
Hytaýda satylan ulaglaryň 27 göterimi elektrikli