Dünýäniň iň inçe binasy

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde dünýäniň iň insiz gökdiräni açyldy. Uzynlygy 435 metre ýetýän bina şäheriň “Central park” seýilgähiniň golaýynda ýerleşýär. Binanyň içindäki öýlerden bu gözel seýilgähi synlap bolýar. “Steinway Tower” atly bina 91 gatly binada köpüsi iki gatly 46 öý bar. Gökdiräniň ýanaşyk ýerindäki “Steinway Hall” binasyndakylar hem hasaba alnanda jemi 60 öý bar.

“Studio Sofield” kompaniýasy binanyň lýuks içki dizaýnynyň suratlaryny ýaýratdy. “Studio Sofield”-iň esaslandyryjysy William Sofield dünýäniň başga ýerinde bolup bilmejek bina gurmak isländiklerini belleýär.

Çinigul Haitbaýewa, Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

HPG-niň başlygy ikinji möhlete saýlandy
Russiýalylar ýylyň iň gowy aýdymçylaryny agzadylar
Stambulda 32 ýaşly türkmenistanly ýol hadysasynda heläk boldy
Sofiýa: Türkmenistandaky umytsyzlykdan Türkiýedäki agyr işi saýladym
Hor çekýän adamlar üçin arkan ýatmagyň howpludygy belli boldy
Bolgariýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar