Bolgariýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Soňky wagtlarda Ýewropa ýurtlary gaz üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrýar, durmuklylygy üpjün etmek üiçn infrastrukturasyny gowulandyrýar.Golaýda Norwegiýanyň tebigy gazyny Daniýanyň hem-de Baltika deňziniň üsti bilen Polşa akdyrjak “Baltic Pipe” gazgeçirijisi açyldy.

Indi bolsa, Gresiýa bilen Bolgariýanyň aralygynda gaz geçiriji ulanmaga berildi.Bu gaz geçirijisi Azerbaýjanyň Günorta-Gündogar Ýewropa döwletlerine gaz ibermegine mümkinçilik döreder.Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada geçirilen “Interconnektor” atly gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radew, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Misotakis, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen gatnaşdy.

Uzynlygy 200 kilometre ýetýän gaz geçiriji Bolgariýany Günorta gaz koridory bilen birleşdirýär.Bu geçiriji arkaly 3 milliard kub metr tebigy gaz ibermek göz öňünde tutulýar.Geljekde onuň kuwwatyny 5 milliard kub metre ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirlikçe, bu geçiriji arkaly Azerbaýjanyň ýangyjyny Bolgariýa bilen bir hatarda Serbiýa, Demirgazyk Makedoniýa we Rumyniýa alar.Geljekde Moldowa bilen Ukraina hem gaz ibermek göz öňünde tutulýar. Üstümizdäki ýylda Azerbaýjanyň tebigy gaz eksporty 22 milliard kub metre ýeter.

Onuň 11,5 milliard kub metri Ýewropanyň sarp edijilerine iberiler. 2021-nji ýylda Ýewropa iberilen azerbaýjan tebigy gazynyň möçberi 8,2 milliard kub metr bolupdy.Bu hem 2022-nji ýylda tebigy gazyň iberiliş möçberiniň 40 göterim artdyryljakdygyny aňladýar.

Şu ýylyň 18-nji iýulynda Ýewropa Komissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanda saparda bolup, Ýewropa eksport edilýän gazyň möçberiniň iki esse artdyrylmagy barada ylalaşypdylar.

Ýene degişli makalalar

HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy
ÝB Tunis: migrasiýany çäklendirmek barada şertnama
Çip önümçiligine 90 milliard ýewro çekdi
Mikroçiplere garaşlylygy azaltmak isleýär
Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit
Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit