Dünýäniň iň kiçi syýahatçylyk şäherleri

Syýahata gitmezden öň meýilleşdirilýän şäheriň geografik ýerleşişi, binagärlik gurluşy, adamlary we ulag üpjünçiligi öwrenilýär.Köpler uly şäherlere gezelenç etmegi halaýar, şäher tebigatyny synlamagy gowy görýär, köpler bolsa, kiçijik şäherlere gezelenç etmegi halaýar.

Dünýäde kiçijik şäherleriň birnäçesi bolup, hatda bu ilatly ýerler obalara meňzeýär.Syýahatçylaryň bellemegine görä, kiçiräk şäherlere gezelenç etmek adamy ýadatmaýar, şeýle hem şäheriň kiçiligi onuň ähli ýerini synlamaga we öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň iň kiçi syýahatçylyk şäherleri bilen tanyşdyrýarys.

Watikan. Dünýäniň iň kiçi şäher döwleti bolan Watikan ujypsyzja ýerde ýerleşýändigine garamazdan, taryhy ýadygärliklere baý, syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerleriniň biridir.Watikanyň tutýan meýdany 0,49 inedördül kilometr bolup, 807 ilaty bar.

San Pietronyň Bazilika ybadathanasy, Sistine kapel binasy, Watikan bagy, Watikan muzeýi şäheriň iň meşhur ýerleridir. Şähere barýan syýahatçylar bu täsinliklere gezelenç etmek bilen bir hatarda Tiber derýasynyň kenarynda dynç alyp bilýärler.

Hum. Horwatiýanyň günbatarynda ýerleşýän bu kiçijik şäher gadymy galalary bilen meşhurdyr. 13 inedördül kilometr meýdany bolan şäherde 80 töweregi adam ýaşaýar.Dünýäniň iň seýrek ilatly şäherleriniň biri bolan Humuň kiçijik ak reňkli binalary, insiz daşly köçeleri we Kamenjak adasynyň ýaşyl depeleri şähere gözellik berýär.

Gaýanyň üstünde ýerleşýän şäheriň iň gözel ýeri Hum sagat diňi hasaplanýar.Bu ýere gelýän jahankeşdeler şähere gysga wagtda gezelenç edip, Horwatiýanyň milli tagamlaryndan dadyp, lezzet alyp bilýärler.

Durbuý. Belgiýanyň Walloniýa sebitindäki bu kiçijik şäher ykdysady senagaty bilen beýleki şäherlerden tapawutlanýar. Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Durbuýyň tutýan meýdany 157 inedördül kilometr bolup, 12 müň töweregi adam ýaşaýar. Bu şäherde owadan tokaýlar, jülgeler, La Roche-en-Ardenne galasy we taryhy binalary bolan seýilgähler bar. Durbuý tebigaty söýýänler üçin iň gowy dynç alyş ýerleriniň biridir.

Ez. Fransiýanyň Riwiera sebitinde ýerleşýän bu kiçijik şäherçe 1971-nji ýylda resmi taýdan taryhy ýadygärlik hökmünde hasaba alynýar. Şäher orta asyr diwarlary we galalary bilen tanalýar.

Tutýan meýdany 9,47 inedördül kilometre barabar bolan şäherde 2 müňden gowrak ilat ýaşaýar.Ortaýer deňziniň kenaryndaky dagyň depesinde ýerleşýän bu şäher gadymy obany ýadyňa salýar.Eze barýan syýahatçylar galalara gezelenç etmek bilen bir hatarda şäherde guralýan fransuz festiwallaryny synlap, lezzet alyp bilerler.

Iýa. Gresiýanyň Santorin adasynyň günorta burnunda ýerleşýän bu kiçijik şähere gelýän myhmanlaryň yzy üzülmeýär. Şäheriň owadan tebigaty, gök gümmezli ak binalary, aýlawly köçeleri we Egeý deňziniň haýran galdyryjy kenarlary syýahatçylarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýär.

Tutýan meýdany 19,4 inedördül kilometr bolan romantik şäheriň müňden gowrak ilaty bar.Syýahatçylaryň bellemegine görä, Iýa şäheri bal aýyny geçirmek üçin iň romantik şäherleriň biridir.

Tasiilak. Grenlandiýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän kiçijik şäherde 1953-nji ýyldan bäri ilat ýaşaýar. 2 müň töweregi ilaty bolan sowuk şäherde agaç jaýlar, ybadathanalar we galalaryň galyndylary bar.

Soňky ýyllarda şäherde muzeý, birnäçe dükan we restoranlar guruldy. Şähere, esasan, sowugy söýýän syýahatçylar gelýärler.Bu ýerde buzly tebigatda gezelenç etmek bilen bir hatarda, ak aýylaryň garyň üstündäki tanslaryny synlap bolýar.

Tasiilak Grenlandiýanyň medeni merkezi hasaplanýar.

Nesebyr. Günorta Bolgariýanyň Gara deňziniň kenarynda ýerleşýän bu şäher gaýaly tokaýlary we dag gerişlerini öz içine alýar. Şäher owadan dag tebigaty we daşly binalary bilen tanalýar. Tutýan meýdany 32 inedördül kilometre golaý bolan şäherde 14 müň töweregi ilat ýaşaýar. Serewes galasy şäheriň iň meşhur ýerleriniň biri bolup, diwarlaryndaky gülli nagyşlary bilen haýran galdyrýar.

Wilýa-La-Angostura. Argentinanyň Nahuel Huapi kölüniň demirgazyk-günbatar kenarlarynda ýerleşýän höwürtge ýaly kiçijik şäherde tebigy gözellikleriň birnäçesi bar.Daş-töweregi bagdyr köller bilen gurşalan bu şähere Patagoniýa bagy hem diýilýär. Şäheriň tutýan meýdany 79,6 inedördül kilometr bolup, 11 müňden gowrak ilat ýaşaýar.

Syýahatçylar bu şähere, esasan, tomus we gyş aýlary barýarlar.Sebäbi bu möwsümlerde şäher tebigaty üýtgeşik görnüşe eýe bolýar. Şäheriň dag ýollary, lyžaly eňňitleri, ýerden çykýan gyzgyn çeşmeler, bulut tokaýlyklary myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Ýene degişli makalalar

PETRONAS Türkmenistanyň bütin çägi boýunça turbageçirijisini döretmek boýunça işjeň iş alyp barýar
Kolumbiýanyň Prezidenti hazynaly gämini deňziň düýbünden çykarmagy buýurdy
Injener Chozgutleri nebitgaz we energetika pudaklarynda giň gerimli inžener-gurluşyk işlerini ýerine ýetirýär
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Altynjemal Baýlyýewa amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesinde ýeňiş gazanmagy başardy
Eýran dokuz sany nebithimiýa kärhanasyny gurmagy meýilleşdirýär