Dünýäniň iň uly çölleri

Çöl diýlende, çägelik, gurak ýerler göz öňüne gelýär.Emma ýylyň dowamynda belli bir derejeden az ygal düşýän ýerlere çöl diýilýär. Ýagny, gum alaňlarynyň bolmadyk ýerleri, şorluklar, hatda buz gatlaklary bilen örtülen ýerler hem çöl hasaplanýar. Ýylyň dowamynda 2500 mm-den az ýagyn ýagýan giňişlikler çöl hasaplanýar. Çöller adatça dörde bölünýär subtropik (yssy we gurak), sowuk, kenarýaka (deňziň ýa-da ummanyň kenarynda insiz giň kenarda ýerleşýän) we polýar (aşa sowuk) görnüşde bolýar.

Iň uly çölleriň sanawynda pingwinlerden başga az sanly jandaryň ýaşaýan sowuk ýeri, Ýeriň ilatsyz giňişligi bolan Antarktika bar. Planetamyzyň günorta polýusy bolan bu giňişlik 14 million inedördül kilometre ýetýär. Antarktika buz gatlaklary bilen örtülen hem bolsa, ygal düşmeýändigi sebäpli çöl hasaplanýar.

Ikinji ýerde Ýeriň demirgazyk polýusynyň töwereklerini öz içine alýan giňişlik bar. Bu giňişlik Alýaska, Grenlandiýa (ähli ýeri diýen ýaly), Islandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa, Finlýandiýa we Russiýa ýaly ýurtlaryň we sebitleriň demirgazyk bölegini tutýar.

Üçünji ýerde çöl diýlende göz öňümize gelýän ýer bolan Sahara bar. 9 million 200 müň inedördül kilometr meýdany eýeleýän bu giňişlik Afrikanyň demirgazygynyň uly bölegini öz içine alýar.Sahara arap dilindäki uly çöl diýmegi aňladýan As-sahra al-kubra sözünden gelip çykýar. Çölüň bäşden bir bölegini çägelikler, galan bölegini daglar, gaýalyklar, düzlükler we şorluklar emele getirýär. Çölüň köp ýerine birnäçe ýyllap ýagyş ýagmaýar.

Bu ýerdäki topragy ýagşyň suwy ýuwmaýandygy sebäpli mineral maddalara örän baý bolýar. Şol sebäpli birnäçe ýyldan soňra ýagyş ýagan ýagdaýynda, ol ýerde çüýremän saklanyp galan tohumlar gögerip çykýar. Şeýle hem güýçli ýel çölüň minerallara baý çägelerini örän uzak aralyga äkidýär.

Saharanyň çägeleri howa akymy bilen ummany aşyp, Amazonka tokaýlaryna çenli baryp ýetýär we ol ýerdäki ösümlikleri iýmitlendirýär.

Arabystan ýarym adasynyň uly bölegini emele getirýän çöl 2,58 million inedördül kilometri öz içine alýar. Aşa gurakdygyna garamazdan, bu ýerde keýik, antilopa, gum pişigi ýaly jandarlar bilen bir hatarda süýrenijileriň hem birnäçe görnüşi ýaşaýar. Bu çölüň has gurak bolan ýeri bolsa, Rub-el-Hali diýlip atlandyrylýar. Bu ýerde tutuşlygyna diýen ýaly gum depelerini görmek bolýar.

Hytaýyň we Mongoliýanyň çäklerindäki Gobi çöli ululygy babatda bäşinji ýeri eýeleýär. 1,3 million inedördül kilometri öz içine alýan bu çölde hem ýylyň köp wagty howa sowuk bolýar.

Argentinadaky Patagoniýa çöllügi altynjy ýerde durýar. Çägelikden we daşlykdan emele gelen çölde howa köplenç sowuk bolýar.Günorta Amerikadaky And daglarynyň günbataryny tutýan Atakama çöli dünýäniň gurak ýerleriniň biri hasaplanýar.

Bu ýere ýylyň dowamynda ortaça 1 mm ygal düşýär. Ýuwaş ummanyna ýakyndygyna garamazdan, bu ýeriniň gurak bolmagyna dünýäniň iň uly dag ulgamy sebäp bolýar.Dag gerişleri ummanyň bugarmagy netijesinde emele gelen bulutlary saklap galýar. Şeýlelikde, ýagyn diňe dagyň bir tarapyna ýagýar.

Atakama gurak bolandygy sebäpli, bu ýeriniň howasy hem örän arassa. Şol sebäpli Atakamada iri teleskoplaryň birnäçesi bar.Bu teleskoplar arkaly asman jisimlerini has aýdyň görüp bolýar.

The post Dünýäniň iň uly çölleri appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Hazar deňzi boýunça ylmy hyzmatdaşlyga çagyrýar, 2023-nji ýylda 330 sany türkmen talyby Belorusyň ýokary okuw mekdeplerine girdiler, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilligi Maýyplara goldaw merkezine mekdep esbaplaryny gowşurdy we beýleki habarlary
2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýar
Günüň batmaýan ýerleri
Alýaskada Millionlarça Ýyl Ozal Dinozawrlaryň Ýaşandygy Anyklandy
"Defender Europe 21" atly harby türgenleşik başlady
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 5 Adam Ýogaldy