Dünýäniň iň uly öküzi

ABŞ-da Tommi lakamly 13 ýaşly öküz dünýäniň iň mähnet öküzi diýlip ykrar edildi. Bu barada “Oddity Central” neşiri habar berýär. Boýy 1,87 metre deň bolan öküz, doglanyndan bäri Massaçusetsdäki fermada saklanýar. Eýesi Lori Balawender onuň maşgalanyň bir agzasy ýaly eý görülýändigini gürrüň berýär.

Äpet göwresine garamazdan, Tommi özüni parahat alyp barýar, her gün 13 kilogram däne iýýär, 151 litr suw içýär. Mundan başga-da ol alma iýmegi halaýar, eýesi onuň üçin eýýäm ep-esli miwe satyn alyp iýdirendigini gürrüň berýär.

-Ýabany almanyň gözleginde köp gezýän Tommi juda akylly, nädip agaçlary yralap, almalary ýere gaçyrmagyň tärini-da bilýär – diýip, Lori aýdýar. Balawender öküziniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigine, özüniň şeýle mähnet öküziniň bardygyna buýsanýandygyny hem ýaňzytdy.

Ýene degişli makalalar

Nike bäsdeşlerini ogurlykda aýyplady
Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady
Äpet hem owadan jandar
Äpet pandalar ýitip gitmekden halas edildi
Dünýäniň iň uly astronomiýa muzeýi açylýar
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy