Planetanyň iň uzak ýaşly zenan ýaşaýjysy, fransiýaly Andre uýa (Lýusil Randon) sişenbe gününiň gijesi 118 ýaşynda ýurduny täzeledi diýip, Report.az neşiri ýazýar.
Bu barada Agence France-Presse habarlar gullugy Andre enäniň ýaşaýan garrylar öýüniň wekiline salgylanyp habar berdi. Habarda onuň ukudaka jan berendigi aýdylýar.
Lýusil Randon Fransiýada 1904-nji ýylyň 11-nji fewralyndan dünýä indi. Ol 2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde dünýäniň iň uzak ýaşly zenan ýaşaýjysy diýlip yglan edildi.
Ol 41 ýaşynda monahinýa boldy, 28 ýyllap Wişi şäherindäki hassahanada ýetimlere we garrylara gözegçilik etdi. 1979-njy ýylda Sawoýedäki monastyrda gulluga durdy. 2009-njy ýyldan bäri Tulonyň garrylar öýünde ýaşaýardy.