Ýewropada yssy güýz höküm sürýär

Ýewropada yssy güýz höküm sürýär

Fransiýanyň günorta-günbatarynda bu güýz hakykatda tomsuň iň jokrama döwrüne meňzeýär.Adamlar deňziň kenarynda Güneşiň çogunda hezil edinip dynç alýarlar. Şu hepdäniň aýagynda howa maglumaty gullugynyň habaryna görä, 30 gradus derejede maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar. Ýerli ýaşaýjylar güýzüň mylaýym gelendigine begenýärler, sebäbi şeýle howada öýde ýyladyjy işletmek hem gerek däl.

Emma olar bu maýyl howa o diýen ynanybam baranoklar, munuň yzynyň bir çöpi bardyr diýip, ätiýaçlanýarlar.

Bu görlen ýagdaý däl. Öň bu döwürde bizde eýýäm aýaz düşerdi, guşlaram eýýäm göç etmelidi, emma edenoklar. Biz näme bolýandygyna düşünemzok.

Planeta howp aralaşýarmyka? diýip, Tuluza şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.

Tuluzadaky Garonna derýasynda gury ýer adajyklary görünýär, olary öňler suw basardy. Ýurduň Bordo şäherinde-de howa yssy. Adamlar güýzüň öňki ýyllardakylara meňzemeýändiginden iňkise gidýärler.

Howa maglumaty gullugynyň hünärmenleri bu güýzdäki yssy howanyň sebäbini Afrikanyň demirgazyk-günbataryndan aralaşan ýyly howa akymlary bilen baglaýarlar. Güýzüň çogly howasynyň günbatar Ýewropadan başlap, tutuş Beýik Britaniýany gurşap almagyna garaşylýar. Bu barada Euronews.com saýty ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ikinji tapgyrda utuldy
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Fransiýada Prezident saýlawlarynda ses berişlik başlandy
Meşhur klub 30 ýyldan soň 2-nji liga düşdi
Ýurduň iň köp çempion bolan topary 2-nji liga düşdi
Üç uly çempionata badalga berilýär