Ýurduň iň köp çempion bolan topary 2-nji liga düşdi

Fransiýanyň çempionatynda iň köp çempionlyk gazanan 2 toparyň biri bolan “Sent-Etien” (beýlekisi PSŽ) kluby 2-nji liga düşdi. Çempionaty 18-nji orunda tamamlan “Sent-Etien” “Ligue 2”-de 3-nji ýeri eýelän “Oser” topary bilen pleý-off duşuşygyny geçirdi. “Sent-Etiende” oýnalan 1-nji duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanypdy.

Jogap oýnunda- şol netije gaýtalandy we ýeňijini penaltiler kesgitledi.Bu urgularda 1 ýalňyşlyk goýberen “Sent-Etien” 5-4 asgyn gelip, aşaky liga düşdi.Fransiýanyň çempionatynda 10 çempionlyga ýeten ilkinji topar bolan “Sent-Etien” 18 ýyldan soň 2-nji ligada çykyş eder.

Olar soňky gezek 2003/04 möwsüminde “Ligue 2”-de çykyş edipdi. “Sent-Etienden” ozal “Bordo” bilen “Mets” klublary 2-nji liga düşüpdi.

“Ligue 2”-ni çempionlyk bilen tamamlan “Tuluza” 2, şeýle-de “Aýaçço” 8, pleý-offuň ýeňijisi “Oser” 10 ýyldan soň “Ligue 1”-e çykmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Meşhur klub 30 ýyldan soň 2-nji liga düşdi
Üç uly çempionata badalga berilýär
Ýyldyz oýunçy 10 ýyldan soň Fransiýa dolandy
Messiniň rekordy we PSŽ-niň 11-nji çempionlygy
PSŽ-de Poçettino gitdi, Galtie geldi
Täze möwsüme -3 utuk bilen başlar