Meşhur klub 30 ýyldan soň 2-nji liga düşdi

Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de ýurduň 6 gezek çempiony, meşhur topar “Bordo” aşaky liga düşdi. Topar soňky gezek 2-nji ligada mundan 30 ýyl ozal çykyş edipdi. “Bordo” topary “Ligue 1”-de iň köp möwsüm çykyş eden 2-nji klub bolup (69 möwsüm), ol bu ugurda “Marselden” (72 möwsüm) yza galýar.

Fransiýanyň çempionatynda aşaky liga düşjek 2-nji topar ýurduň başga bir abraýly kluby, iň köp çempion bolan 2 toparynyň biri “Sent-Etien” ýa-da “Mets” topary bolar.

“Ligue 2”-de 1-2-nji ýeri eýelän “Tuluza” bilen “Aýaçço” ýokary liga çykan klublar bolup, “Aýaçço” 8 ýyldan soň “Ligue 1”-de çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Üç uly çempionata badalga berilýär
Ýurduň iň köp çempion bolan topary 2-nji liga düşdi
“Bawariýa” Berlinde büdredi, PSŽ “Liondan” utuldy
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Fransiýada Prezident saýlawlarynda ses berişlik başlandy
Ýewropada yssy güýz höküm sürýär