Üç uly çempionata badalga berilýär

Şu gün Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň 3-sine badalga berler. Angliýanyň “Premier Ligasy”, Germaniýanyň “Bundesligasy”, Fransiýanyň “Ligue 1”-i şu gije täze möwsüme girişer. Olardan başga-da Niderlandlaryň (“Eredivisie”), Portugaliýanyň (Premeira Liga) hem-de Türkiýäniň (Süper Lig) milli çempionatlarynyň hem täze möwsümi başlanar.

“Premier Liganyň” 31-nji möwsümi

Futbol muşdaklarynyň iň söýgüli çempionaty Angliýanyň “Premier Ligasynyň” 31-nji, umumylykda Angliýanyň ýokary ligasynyň 124-nji möwsümi şu gije başlar.Möwsümiň ilkinji duşuşygynda Londonyň iki wekili “Kristal Palas” bilen “Arsenal” güýç synanyşar.

Täze möwsümde-de “Mançester Siti” çempionlygyny goramak üçin göreşer. Şol sanda “Liwerpul”, düzümine täze oýunçylar goşan “Tottenham” we Londonyň beýleki 2 wekili “Çelsi” bilen Arsenal”, tälimçisini çalşan “Mançester Ýunaýted” çempionlygyň esasy dalaşgärleri hasaplanýar. 2023-nji ýylyň 28-nji maýynda tamamlanjak çempionata noýabr-dekabr aýlarynda Dünýä Kubogy zerarly 1,5 aýlyk töweregi arakesme berler (13-nji noýabr 26-njy dekabr).

“Bundesliganyň” 60-njy möwsümi

“Premier Liga” bilen bir hatarda şu gije “Bundesliganyň” hem täze möwsümine, 60-njy möwsümine hem badalga berler. Çempionatyň açylyş duşuşygynda “Aýntraht öz meýdançasynda soňky çempiony “Bawariýany” kabul eder. 18 klubuň çykyş edýän çempionatynda “Bawariýanyň” ýene-de çempionlygyň iň esasy dalaşgäridigini anyk aýtsa bolar.

Münhen şäheriniň klubuny 10 ýyldan bäri owsarlaýan topar bolman, “Bundesliganyň” ýubileý möwsüminde-de oňa taý tapylmaz.Geçen möwsümiň ahyrynda Edin Terziçi wezipä bellän Dortmundyň “Borussiýasy”, şeýle-de, “Baýer”, “Leipsig”, “Aýntraht” ýaly klublar hem öňdäki orunlara dyrjaşjak klublar hasaplanýar. “Bundesliga” hem 13-nji noýabrda arakesmä girer we 10 hepdeden soň, ýagny 2023-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndan başlap, galan ýerinden dowam eder.

“Ligue 1”-iň 85-nji möwsümi

Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň ýene biri hem şu gün başlap, ol Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-dir. “Lill”“Aýaççio” duşuşygy bilen başlanjak çempionatda soňky gezek 20 klub çykyş eder. 2023/24 möwsüminden başlap 18 klub düşüriljek çempionatda möwsümiň ahyrynda 4 klub aşaky liga düşer. Çempionlygyň bu möwsümde-de iň esasy dalaşgäri PSŽ bolmak bilen bir hatarda, oňa “Lion”, “Monako”, şol sanda “Marsel”, “Lill” klublary päsgel berip biläýjek beýleki toparlardyr.

Çempionatyň täze 85-nji möwsüminde “Ligue 1”-iň iň köp çempionlyk gazana 2 klubunyň biri “Sent-Etien” topary bilen 6 gezek çempion bolan “Bordo” kluby çykyş etmez. Ady agzalan 2 klub “Mets” topary bilen bilelikde aşaky liga düşdi. Olaryň ornuna “Tuluza” 2, “Aýaççio” 8 hem-de “Oser” 10 ýyldan soň “Ligue 1”-e çykmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Meşhur klub 30 ýyldan soň 2-nji liga düşdi
Ýurduň iň köp çempion bolan topary 2-nji liga düşdi
Ýeňlişsiz topar galmady
Ýyldyz oýunçy 10 ýyldan soň Fransiýa dolandy
PSŽ-de Poçettino gitdi, Galtie geldi
“Bawariýa” Berlinde büdredi, PSŽ “Liondan” utuldy