PSŽ-de Poçettino gitdi, Galtie geldi

Fransiýanyň çempiony PSŽ-de tälimçi çalyşdy. Klub argentinaly Maurisio Poçettinony topar üçin bitiren hyzmatlary sebäpli minnetdarlyk bildirip, oňa gelejekde uly üstünlikler arzuw edip, ony wezipesinden boşatdy. 2021-nji ýylyň ýanwarynda wezipä bellenen Poçettino kluba Fransiýanyň Kubogyny, Super Kubogyny hem-de “Ligue 1”-iň çempionlygyny gazandyrdy. Poçettinonyň 2023-nji ýylyň tomsuna çenli şertnamasy bardy.

Galtie PSŽ-niň soňky 6 ýyldaky 4-nji tälimçisi bolar.

PSŽ topary Poçettinonyň ornuna bellenen täze tälimçisini hem dessine mälim etdi.Geçen möwsümde “Nissa” toparyna tälim beren 55 ýaşyndaky fransiýaly hünärmen Kristof Galtie toparyň tälimçiligine bellendi.

Ol parižliler bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.Galtie karýerasy boýunça “Sent-Etien” (2009 2017), “Lill” (2017 2021) hem-de “Nissa” (2021 2022) toparlaryna tälim berdi. “Lill” toparyny 2020/21 möwsüminde “Ligue 1”-de çempion eden Galtie geçen möwsümde “Nissany” Fransiýanyň Kubogy ýaryşynyň finalyna çykardy. “Nissa” topary çempionaty 5-nji orunda tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Poçettinonyň üsti gyzyl el
PSŽ Tuheli wezipesinden boşatdy
Kristof Galtýe PSŽ-niň baş tälimçisi boldy
Turkmenportalyň sport syny: PSŽ we Krisotf Galtýe barada käbir çaklamalar
Turkmenportalyň sport syny: PSŽ we Kristof Galtýe barada käbir çaklamalar