Täze möwsüme -3 utuk bilen başlar

Fransiýanyň Professional futbol ligasy Oser bilen bolan duşuşykda janköýerleriň eden bidüzgünçilikleri sebäpli Sent-Etien toparyna berlen jerimeleri mälim etdi.Ligue 1-de galmak üçin Oser bilen pleý-off duşuşygyny geçiren toparyň janköýerleri jogap oýnunda bidüzgünçiliklere ýol beripdi.

Toparlarynyň aşaky liga düşmegine nägilelik bildiren janköýerler meýdança girip, futbolçylara zyýan berjek bolupdylar, meýdança birnäçe alawly taýajyk zyňypdylar. Şol sebäpli toparyň 3-si soň bolmak şerti bilen 6 utugy aýrylar. 2-si soň, öz meýdançasyndaky 6 duşuşygy tomaşaçysyz oýnalar. Ýagny Ligue 2-de täze möwsüme -3 utuk bilen başlajak Sent-Etien toparynyň öz meýdançasyndaky ilkinji 4 duşuşygy tomaşaçysyz geçiriler.

Sent-Etien topary Fransiýanyň çempionaty Ligue 1-de iň köp çempion bolan iki klubuň biridir.Topar PSŽ bilen bilelikde 10 gezek Ligue 1-de çempionlyk gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyz oýunçy 10 ýyldan soň Fransiýa dolandy
Messiniň rekordy we PSŽ-niň 11-nji çempionlygy
PSŽ-de Poçettino gitdi, Galtie geldi
Ýurduň iň köp çempion bolan topary 2-nji liga düşdi
Meşhur klub 30 ýyldan soň 2-nji liga düşdi
Üç uly çempionata badalga berilýär