Fransiýada Prezident saýlawlarynda ses berişlik başlandy

Şu gün Fransiýada Prezident saýlawlarynyň aýgytly ikinji tapgyry başlady. Saýlaw uçastoklary ýurduň uly şäherleri paýtagt Parižde, şeýle-de Lionda, Marselde, Nissede, Bordoda, Tuluzada we beýleki sebitlerde açyldy.

Saýlawyň birinji tapgyry 10-njy aprelde geçirildi, oňa 12 dalaşgär gatnaşdy. Indi döwlete ýolbaşçylyk etmek hukugy ugrunda häzirki Prezident Emmanuel Makron we sagçy “Milli bileleşik” partiýasynyň lideri Marin Le Pen bäsleşýär. Olar 2017-nji ýylda hem ikinji tapgyrda bäsleşipdiler, ýöne Le Pen Makrondan asgyn gelipdi.

Bu gezek ýene-de Makronyň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar. Ýurtda geçirilen pikir soralyşyklara esaslanyp, häzirki Prezidentiň 57 göterim, onuň bäsdeşiniň bolsa 43 ses aljakdygy çak edilýär.

Fransiýanyň Konstitusiýa geňeşi 27-nji ýa-da 28-nji aprelde saýlawlaryň resmi netijelerini mälim eder. Fransiýanyň Prezidenti ählumumy ses bermek arkaly bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. Saýlawlara, takmynan, 49 million saýlawçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Saýlawlaryň soňky netijeleriniň yglan edilmegi bilen häzirki döwlet baştutanynyň wezipesi gutarandan soň 14-nji maýda kasam kabul edişlik dabarasy bolar diýlip garaşylýar.

Belläp geçsek, Fransiýada geçirilen Prezidenti saýlawlarynyň birinji tapgyrynda häzirki Prezident Emmanuel Makron 27,84% ses bilen öňdeligi eýeläp, onuň dalaşgärligini ýurduň 9,785,578 raýaty goldapdy. Sagçy “Milli bileleşik” partiýasynyň dalaşgäri Marin Le Pen bolsa, 23,15% ses bilen ikinji orny eýeläp, 8,136,369 saýlawçynyň goldawyna eýe bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Ikinji tapgyrda utuldy
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Yzly-yzyna çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1938)
Ýewropada yssy güýz höküm sürýär
Üç uly çempionata badalga berilýär
Meşhur klub 30 ýyldan soň 2-nji liga düşdi