Dünýäniň iri maýa goýum gaznalary

Global SWF maglumat beriş kompaniýasy dünýäniň maýa goýum gaznalary barada maglumat taýýarlady. Bu ugurda ilkinji üç orny Hytaý, Norwegiýa we BAE eýeledi. Maglumata görä, Hytaýyň maýa goýum korporasiýasynyň 1,3 trillion dollarlyk gymmaty bar. Norwegiýanyň döwlet pensiýa gaznasynyň 1,14 trillion, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu Dabi gaznasynyň 993 milliard dollarlyk gymmatynyň bardygy bellenildi.

Maglumatda, geçen ýyl maýa goýum gaznalarynyň ilkinji gezek gymmatynyň azalandygy, pese gaçyşlygyň jemi 1 trillion dollar töweregidigi mälim edildi.

Maýa goýum gaznalary adatça gymmatly kagyzlary, gozgalmaýan we beýleki maýa goýum serişdelerine maýa goýmak arkaly girdeji gazanýarlar. Bu girdejiler ýurduň ýaşaýjylarynyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak we uly taslamalary maliýeleşdirmek üçin peýdalanylýar. Şeýlelikde, ýurtlar ykdysady durnuklylygy saklaýar.

Oguljahan NURBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrda! atly sergisi
Kalplara nur, ömre ylham Pyragy
Berdi Kerbabaýew - türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy
Ylmyusuly maslahat
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar