Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy

Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy

2023-nji ýylyň başyndan bäri dünýäniň 308 sany tehnologiýa kompaniýasy 95 müň 508 sany işgärini işden boşatdy diýip, Layoffs.fyi portalyna salgylanýan Interfax.ru habar berýär.

Bu görkeziji ýanwaryň başyndakydan üç esseden hem köpdür.

Maglumatlar tehnologik pudakda işgärleriň azaldylmagynyň 2022-nji ýylyň görkezijisinden görnetin köpdügini görkezýär. Geçen tutuş ýyl IT-kompaniýalar 154 müň 336 işgäri boşatdy.

Şu hepdede işgärlerini azaltmakçydygyny yglan edilen tehnologiki kompaniýalaryň hataryna kompýuter tehnikasyny öndüriji Dell Technologies Inc. hem goşuldy, kompaniýa işgärler düzüminiň 5 göterime golaýyny azaltmakçy.

Şeýle-de PayPal Holdings Inc. tölegi operatory (2 müň işgär ýa-da 7 göterim), International Business Machines Corp. kompýuter hyzmatlaryny üpjün edijisi hem-de kärhanalary dolandyrmak üçin programma üpjünçiligini öndüriji SAP SE german kompaniýasy-da işgärlerini azaltmakçydygyny habar berdiler.

Ýylyň başynda Google gözleg ulgamynyň eýesi Alphabet Inc. holding kompaniýasy bütin dünýäde 12 müň işgärini, Intel Corp. ýüzlerçe, Microsoft Corp. 10 müň töweregi işgärini kemeltmekçidigini yglan etdi.

Layoffs.fyi portaly San-Fransiskoda işewür Rojer Li tarapyndan koronawirus döwründe işgärleriň azaldylmagyny yzarlamak maksady bilen döredildi.

Ýene degişli makalalar

Sürüjisiz ulaglaryň gije-gündiz işlemegine rugsat berildi
Bloomberg: Google-iň işgärleri aprel aýynda ofise gaýdyp bararlar
iPhone 14 Pro-nyň täze funksiýasyny barlamak üçin bloger ýöriteläp öz ulagyny döwdi
Nýu-Ýork dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezi hökmünde liderligini saklady
Analitikler iň köp millioneri bolan şäherleri atlandyrdylar
San-Fransiskodaky şokolad dükany öz işgärlerine kung-fu öwredýär