Dünýäniň Kubogynyň täze eýesi Ispaniýanyň ýygyndysy

Täze Zelandiýa hem-de Awstraliýada geçirilen zenanlaryň arasyndaky 9-njy FIFA Dünýä Kubogynda Ispaniýanyň ýygyndysy taryhyndaky ilkinji çempionlygyny gazandy.

Awstraliýanyň Sidneý şäherinde oýnalan finalda Ispaniýa bilen Angliýanyň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ispanlar 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.Ispaniýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 29-njy minutda Olga Karmona geçirdi.

Duşuşygyň 70-nji minutynda ispanlaryň ýyldyz oýunçysy Jennifer Hermoso penalti urgusyndan ýerlikli peýdalanyp bilmedi.Urgyny penalti saklamakda ussat hasaplanýan angliýaly derwezeçi Meri Irp sowmagyň hötdesinden geldi.Duşuşygyň ahyrlarynda iňlisler hasaby deňlejek bolup, jan aýaman hüjüm etdiler. Ýöne goragda erjellik görkezen ispanlar oýnuň soňuna çenli hasaby goramagy başardylar.

Netijede, ilkinji gezek finala çykan 2 toparyň duşuşygynda Ispaniýanyň ýygyndysy 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 3-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşan Ispaniýanyň ýygyndysy çempionlyk gazanan 5-nji topar boldy. 1991-nji ýyldan bäri her 4 ýyldan 1 gezek geçirilýän ýaryşda mundan öň ABŞ 4 (1991, 1999, 2015, 2019), Germaniýa 2 (2003, 2007), Norwegiýadyr (1995) Ýaponiýa (2011) 1 sapar çempionlyk gazandy. Şeýle-de, Ispaniýa Germaniýadan soň hem erkekleriň, hem-de zenanlaryň arasynda Dünýä Kubogyny gazanan 2-nji ýurt boldy.

Angliýanyň ýygyndysy 6-njy gezek gatnaşan ýaryşynda ilkinji sapar kümüş medal gazandy. Olar geçen çempionatda 4-nji, ondan öňki bäsleşikde-de 3-nji ýeri eýeläpdiler.

Çempionatyň bürünç medalynyň eýesi üýtgemän Şwesiýanyň ýygyndysy 3-nji ýeri üçin geçirilen oýunda Awstraliýany Fridolina Rolfönyň (30 p) hem-de Kosoware Asllaniniň (62) gollary esasynda 2-0 ýeňdi.

Skandinawlar bassyr 2-nji, umumylykda 4-nji gezek bürünç medala mynasyp boldular.Olar mundan öň 1991-nji, 2011-nji hem-de 2019-njy ýyllarda bürünç medal gazanypdylar. Şwesiýanyň ýygyndysy 2003-nji ýylda kümüş medala mynasyp bolupdy.

Awstraliýanyň ýygyndysy bolsa ilkinji gezek 4-nji orny eýeledi. 8-nji gezek çempionata gatnaşan awstraliýalylara mundan öň çärýek finaldan geçmek başartmandy.n

Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, ispaniýaly Aitana Bonmati saýlandy. Ol Altyn top baýragy bilen sylaglandy. Onuň topardaşy Jennifer Hermoso Kümüş top, şwesiýaly Amanda Ilestedt Bürünç top baýragyna mynasyp boldy.

Çempionatda 5 gol geçirip, 1 goluň pasyny beren ýaponiýaly Hinata Miýazawa ýaryşyň iň netijeli futbolçysyna berilýän Altyn butsy baýragy bilen sylaglandy. 4 gol geçirip, 3 goluň pasyny beren fransiýaly Kadidiatu Diani Kümüş butsy, 4 gezek tapawutlanan germaniýaly Aleksandra Popp Bürünç butsy baýragyna laýyk görüldi.

Angliýanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Meri Irp Altyn ellik, ispaniýaly Salma Paralluelo iň ökde ýaş oýunçy baýragy bilen sylaglandy. Çempionatyň Fair-Play baýragy-da Ýaponiýanyň ýygyndysyna berildi.

Çempionatda 64 oýunda 164 gol geçirildi (ortaça 2,56). Duşuşyklara stadionlarda 1 milliard 978 müň 274 janköýer tomaşa etdi (ortaça 30 911).

Ýene degişli makalalar

Utuşly lotereýa petegi eýesiniň torbasynda bir aýlap ýatdy
Jo Baýden Ýaponiýa we Günorta Koreýa sapar gurar
Pentagon: "Russiýa harby jenaýat edýär" diýdi
ABŞ-nyň Prezidenti Polşa döwletine sapar gurar
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherindäki welaýat häkimliginiň binasyna raketaly hüjüm gurady
Russiýa tarapyndan Kiýewde guralan hüjümde ulanylan bombanyň wakum bombasydygy öňe sürüldi