Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop duýgudaşlyk ýüzlenmesinde; “Eziz milletimize duýgudaşlyk bildirýärin. Döwletimiz degişli ähli edaralary bilen wakanyn bolan ýerinde we partlamadan ejir çeken ähli raýatlarymyzyň, etrabyň söwda-satygçylarynyň ýanynda” diýdi.
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý bolsa ähli edaradyr guramalaryň iş alyp barýandygyny, degişli derňew işiniň ünslülik bilen dowam edýändigini nygtady.
Adalat we ösüş partiýasynyň Metbugat sekretary Ömer Çelik bolsa; “Bu elhenç aksiýany guranlar we onuň bilen arabaglanşygy bolanlar hökmany suratda ýüze çykarylar. Türkiýäni hüjümler bilen ýolundan dändirmäge synanşýanlar hiç haçan hötdesinden gelip bilmez” diýdi.
Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun hem sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Asuda ilatymyza guralan terror hüjümleri käbir ýurtlaryň terror guramalaryna berýän goldawyň gönüden ýa-da aýlawly netijesidir. Şol ýurtlar Türkiýäniň dostlugyny isleýän bolsalar, terror guramalaryna goldawlaryny dessine bes etsinler” diýdi.
Respublikan halk partiýasynyň Lideri Kemal Kylyçdarogly; “Terror niredenden, kimden gelse gelsin, näletlenmeli” diýdi.
Gowy partiýanyň Başlygy Meral Akşener bolsa; “Bu pespäl hüjümi berk ýazgarýaryn” diýdi.
