Düzümindäki ilkinji angliýaly futbolçy bolar

Fransiýanyň “Lion” topary “Arsenalyň” ýarymgoragçysy Ensi Meýtlend-Naýlzy erkin agent ýagdaýda transfer etdi.Fransuz kluby 25 ýaşyndaky iňlis oýunçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Arsenalda” futbola başlan Meýtlend-Naýlz geçen möwsümi “Southemptonda” kärendesine oýnady. 2014-nji ýyldan bäri “Arsenalda” çykyş edip gelýän Meýtlend-Naýlz “Ipswiç Town”, “West Bromwiç”, “Roma” ýaly klublarda-da kärendesine çykyş etdi.

Ol “Lionda” çykyş etjek ilkinji iňlis futbolçy bolar.

Ýene degişli makalalar

“Arsenal” Žesusyň het-trigi bilen ýarym finalda
Mançesteriň reňki gyzyl
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi
Arsenalyň Mançester Sitini ýeňip bilmezlik däbi dowam edýär