Duşanbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçiriler

Duşanbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçiriler

Türkmen wekiliýeti Duşanbede geçiriljek Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisine gatnaşar. Mejlis Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana saparynyň öňüsyrasynda — 8-9-njy aprelde geçiriler.

Mundan başga-da, bu senelerde Duşanbede iki ýurduň telekeçileriniň işewürler maslahatynyň geçirilmegine garaşylýar diýip, Täjigistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär. Bu çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistandan 100 adamdan ybarat wekiliýetiň Duşanbe şäherine barmagyna garaşylýar. Işewürler maslahatynda Täjigistana 200-den gowrak telekeçi wekilçilik eder.

Bellenilişi ýaly, işewürler geňeşiniň mejlisiniň çäginde iki ýurduň arasynda işewürlik ugrundaky hyzmatdaşlygyň geljegi, täze hyzmatdaşlary gözlemek, iki ýurduň telekeçileri bilen maýadarlarynyň arasyndaky ykdysady we işewür gatnaşyklary has-da giňeltmek ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de maslahatyň çäklerinde iki ýurduň eksport harytlarynyň sergisi hem meýilleşdirilýär.

Şu ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy, takmynan, 11,8 million amerikan dollara barabar boldy, bu bolsa, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,9% köpdür. Ikitaraplaýyn söwdanyň umumy mukdarynyň 11,6 million amerikan dollar töweregi türkmen önümleriniň importyna düşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Täjigistanyň işewürleriniň arasynda bäş sany ylalaşyga gol çekildi
Rahmon we Mirziýoýew Duşanbede resminamalar toplumyna gol çekdiler
Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Duşanbe şäherinde hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar
R.Meredow Duşanbede Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy