Duşenbede türkmen-täjik işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Duşenbede türkmen-täjik işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi Aýmyrat Goçmyradow Täjigistanda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) wekilleri bilen bilelikde penşenbe güni Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Haýdar Ražabow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Bu nukdaýnazardan, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak üçin esasy ugurlar hökmünde ýeňil, azyk senagatyna, nebit-gaz pudagyna we agrosenagat toplumyna aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasy habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikler bolan Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da ýokarlandyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Täjigistan tarapy Türkmenistanyň Duşenbe şäherinde söwda öýüni açmak başlangyjyna ygrarlydygyny we onuň gysga wagtyň dowamynda işe girizilmegi hem-de üstünlikli işledilmegi üçin ähli zerur goldawy bermäge taýýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

04.07.2018 | Resmi habarlar
Täjigistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Adatdan daşary toparyň karary: Hytaýyň goranmak ministri Türkmenistana sapar edýär, käbir raýatlaryň watana dolanmagyna rugsat beriler
Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi täzelendi
Türkmenistan Owganystandan mermer import etmäge gyzyklanma bildirýär