Duşuşyklar 60 minut oýnalar, FIFA futbolyň düzgünlerini üýtgetmekçi bolýar

Dünýä futbolynyň hojaýny FIFA millionlaryň söýgüli oýnuna käbir düýpli üýtgeşmeler girizmegi göz öňünde tutýar. FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň ýolbaşçylygynda üýtgediljek düzgünler barada ispanlaryň “Mundo Deportivo” gazeti habar berýär. Habara görä, 5 düýpli düzgüni üýtgediler.

Ilki bilen, futbolyň wagty, has takygy, her ýarymy 45 minutdan 30 minuta düşüriler. Duşuşyklar jemi 60 minutlap dowam eder.

Ikinjisi oýunçy çalşygy bilen baglanyşykly bolup, pandemiýa sebäpli 3-den 5-e çykarylan oýunçy çalşygy çäksiz bolar.

Üçünji üýtgeşiklik, topy gapdaldan oýna girizilende, el bilen däl-de aýak bilen girizmek barada düzgün giriziler.

Dördünji düzgün futboldaky boş wagtyň, ýagny topsuz wagty aradan aýyrmak üçin wagt duruzmak düzgüni giriziler. Oýun duran mahaly (meýdançanyň daşyna çykylanda…) wagt hem saklanar.

Bäşinji düzgün bolsa, sary kartyň hem manysy üýtgär. Häzirki wagtda sary kart diňe duýduryş bolup, ol täze düzgün bilen jerimä öwrüler. Ýagny sary kart alan futbolçylar 5 minut oýundan çykarylar. Jerimesi tamamlanandan soňam ýene-de oýna girip biler.

Umuman üýtgedilmekçi bolunýan şu 5 düzgün häzirki wagtda ýaşlaryň arasyndaky bäsleşiklerde synagdan geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda baýramçylykda pagta ýagyny köpräk satyn alanlar tutuldy
Türkmenistanlylar aýalyny öldürmekde günälenýän öňki gazak ministriniň sud işine ünsli syn edýär
Türkmen polisiýasy üçin "maskasyzlary" tapmak boýunça gündelik plan artdyryldy
Russiýa Apple Kompaniýasyna 12 Million Dollar Jerime Saldy
Italiýanyň häkimiýetleri Apple-e we Amazon-a 203 million ýewro jerime saldy
Baýramalynyň polisiýasy bazaryň açylmagyny umyt edip ýygnanan onlarça telekeçä we alyja jerime saldy