Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda atly maslahat geçirildi we Dutaryňmukamy köňlümiň owazy atly sergi gurnaldy

Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda atly maslahat geçirildi we Dutaryňmukamy  köňlümiň owazy atly sergi gurnaldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda milli mirasymyzy aýawly saklamak, baýlaşdyrmak hemde giňden wagyz etmek üçin uly möçberli işleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Birleşen Milletler guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegine itergi bolýar.

Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly hoş habar hem aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Hormatly Prezidentimiziň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna ýollan Gutlagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär diýip belleýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen dutarynyň şirin owazlary Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar.Bu şatlykly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 6-njy fewralynda Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda atly maslahat we ýurdumyzyň halk aýdym-saz sungatynyň köpugurly dünýäsini ösdürmäge bagyşlanan Dutaryň mukamy köňlümiň owazy atly sergi geçirildi.

Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň uly mugallymlary Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbanjemal Ylýasowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Atageldi Musaýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Milli saz gurallary orkestriniň artisti, solist, insturmentalist, Türkmenistanyň at gazanan artisti Söhbet Annamyradow we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülşirin Annamyradowa çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Maslahatyň dowamynda dutarçy bagşy sazandalaryň joşgunly çykyşlary, ýerine ýetirilen hoş owazly, belent mukamly aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylaryň ýüreklerine ylham berip, kalplary joşa getirdi.Meşhur halk sazandalarynyň, türkmen halk sazyny wagyz edijileriň döredijiligi barada gürrüň berýän Dutaryň mukamy köňlümiň owazy atly sergide Döwlet muzeýiniň Ýazuw çeşmeleri gaznasynda irki döwürlerden bäri häzirki wagta çenli aýawly saklanyp gelýän türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşan ençeme meşhur halypa bagşy-sazandalarymyzyň fotosuratlary görkezildi. Şeýle hem, Döwlet muzeýiniň gaznahanasynda goralyp saklanylýan Bäşim Nuralynyň Sekunda dutary, Alt dutary, surnaý görnüşli gyjagy, Çaga dutary we başga-da birnäçe döreden saz gurallary görkezildi.

Bulardan başga-da suratkeşleriň, zergärleriň we senetçileriň döreden eserleri, şeýle hem saz gurallary, kitaplar görkezildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiz we sungatymyz baradaky eserlerine hem aýratyn orun berildi.

Ajaýyp waka bagyşlanan aýdym-sazly maslahata gatnaşyjylar milli medeniýetimiziň, aýdym-saz sungatynyň ösmegi we dünýä ýaýmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli, dünýä möçberli alyp barýan beýik işleriniň hemişe üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň kubogy ― 2022: Altyn asyr Nebitçini ýene gollaryň ýagmyryna tutdy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda