DÝHG-niň başlygy: Merkezi ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň orny möhümdir

DÝHG-niň başlygy: Merkezi ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň orny möhümdir

Aşgabatda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisiniň dowamynda DÝHG-niň başlygy Miroslaw Antonowiç Turkmenportalyň habarçysyna Merkezi ulag geçelgesiniň ösüşi üçin Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Häzirki wagtda guramamyz 30 ýurdy öz içine alýar we giňelmegini dowam etdirýär. Guramamyza iň soňky agza bolan döwlet Laosdyr diýip, Miroslaw Antonowiç belleýär.

Şeýle-de ol Aşgabatdaky mejlise 20-den gowrak ýurduň wekilleriniň gatnaşýandygyny nygtap, bu mejlisiň dowamynda DÝHG-ä täze agzalaryň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Antonowiç, Türkmenistanyň DÝHG üçin ähmiýeti barada durup geçip, Beýik Ýüpek ýolundaky strategiki ugur hökmünde Türkmenistanyň üstaşyr geçiriji hökmündäki ornuny güýçlendirmekligiň Merkezi ulag geçelgesiniň ösüşi nukdaýnazaryndan möhümdigini belläp geçdi.

Mundan başga-da, Antonowiç DÝHG-niň diňe bir gurama goşulmak bilen çäklenmän, eýsem, doly agza hökmünde gurama girmegi maksat edinýän beýleki Ýewraziýa ýurtlary bilen gepleşikleriň geçirilýändigini nygtady. Ol guramanyň häzirki döwür üçin esasy maksatlarynyň biriniň ekologiýa taýdan arassa demir ýol ulaglarynyň ösüşi bolup durýandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistana Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Aşgabatda halkara forum geçirildi
Halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly Ýewraziýa ulgamynyň ähmiýetli bölegi
Türkmen resmileriniň garaýşyndan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň möhüm orny