Türkmenistana Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýadygärlik nyşany gowşuryldy

Türkmenistana Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýadygärlik nyşany gowşuryldy

Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi pudagyň halkara ähmiýetli meseleleri boýunça anyk çözgütleri kabul etmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

18-nji aprelde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli Türkmenistana gurama tarapyndan taýýarlanan ýörite ýadygärlik nyşanynyň gowşurylýandygyny yglan etdi. Ol Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň taýýarlan ýadygärlik nyşanyny Türkmendemirýollary agentliginiň başlygy Azat Atamyradowa gowşurdy. Bu barada HHM habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu waka Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Türkmenistanyň demir ýol pudagynda gazanan ajaýyp netijelerine, belent sepgitlerine berlen ýokary bahanyň beýanyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
DÝHG-niň başlygy: Merkezi ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň orny möhümdir
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Aşgabatda halkara forum geçirildi
Halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly Ýewraziýa ulgamynyň ähmiýetli bölegi