“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy

Dünýä Kubogy 2026-nyň Aziýa saýlama zolagynyň 1-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, toparçalarda çykyş etjek ýygyndylaryň ählisi hem belli boldy. Öz meýdançasynda Butany 4-0 ýeňip, myhmançylykda-da 2-0 utulan Gonkongyň ýygyndysy “E” toparçada Türkmenistanyň, Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy Timor-Lesteniň ýygyndysynda öz meýdançasynda 4-0, myhmançylykda-da 3-0 üstün çykdy. 8 ýyldan soň öz meýdançasynda ilkinji gezek duşuşyk geçiren Pakistanyň ýygyndysy Kambojany 1-0 ýeňip (1-nji oýun 0-0), taryhynda ilkinji sapar Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda 2-nji tapgyra çykdy.

Nepal Laosy (1-1, 0-1), Mýanma Makaony (5-1, 0-0), Ýemen Şri Lankany (3-1, 1-1), Bangladeş Maldiwleri (1-1, 2-1) ýaryşdan çykardy.Guamy 2 ýerde-de (2-1, 1-0) ýeňen Singapur bilen Mongoliýany 2 ýerde-de 1-0 hasaplar esasynda ýeňlişe sezewar eden Owganystanyň ýygyndysy hem 2-nji tapgyrda oýnamaga hukuk gazandy.

Şoňa görä, toparçalarda çykyş etjek ähli ýygyndylar belli bolup, toparçadaky 1-2-nji duşuşyklar 16-21-nji noýabrda oýnalar. Toparçalarda 1-2-nji orny eýelänler 3-nji saýlama tapgyryna çykarlar.

“A”: Katar, Hindistan, Kuweýt, Owganystan;

“B”: Ýaponiýa, Siriýa, Demirgazyk Koreýa, Mýanma;

“C”: Günorta Koreýa, Hytaý, Tailand, Singapur;

“D”: Oman, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Hytaý Taýpeýi;

“E”: Eýran, Özbegistan, Türkmenistan, Gonkong;

“F”: Yrak, Wýetnam, Filippinler, Indoneziýa;

“G”: Saud Arabystany, Iordaniýa, Täjigistan, Pakistan;

“H”: BAE, Bahreýn, Ýemen, Nepal;

“I”: Awstraliýa, Palestina, Liwan, Bangladeş.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy yklym çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine dördünji torbadan gatnaşar
Tramp 12 ýurduň raýatlaryna ABŞ girmegini gadagan etdi; ýedi ýurduň, Türkmenistanyň hem raýatlaryna bölekleýin çäklendirme’ girizdi
Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli