Economist neşiri ýylyň ýurduny saýlady

Economist neşiri ýylyň ýurduny saýlady

Gresiýa ykdysady çökgünligi ýeňendigi üçin The Economist žurnaly tarapyndan ýylyň ýurdy diýlip yglan edildi.

Neşir şeýle hem Polşany we Braziliýany belledi, olaryň birinjisiniň ykdysadyýeti özüni ýitirmedi, neşir bu döwletde täze saýlanan Premýer-ministr Donald Tuskuň hökümetiniň 2024-nji ýylda Polşany ýylyň ýurdy derejesine çykarmaga mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

Žurnal Braziliýada Prezident Luis Inasiu Lula da Silwanyň döwlet başyna gelmeginiň ýurduň ykdysadyýetine oňyn täsir edendigini ýazýar.

Gresiýa mundan on ýyl ählumumy maliýe çökgünligi sebäpli, çynlakaý ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýurda Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň özgertmeleri durmuşa geçirmekde maliýe goldawyny bermegi kynçylyklary ýeňip geçmekde ýardam etdi diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Merkezi Aziýanyň "ak altyny" barha arzanlaýar, daýhanlar nägilelik bildirýärler
“Central Asia Gateway” sebiti halkara bazarlar bilen baglanyşdyrýar
The Economist: Türkmenistanyň Germaniýadaky banklarda 23 milliard dollary bar, bank hasaplaryň eýeleri nämälim