Dünýäniň iň gymmat şäherleri

“Economist Intelligence Unit” (EIU) maslahat beriş kompaniýasy dünýäniň ýaşamak üçin iň gymmat şäherleriniň sanawyny taýýarlady. “The Economist” hepdelik žurnalyna hem eýeçilik edýän adybir topara degişli bolan EIU-niň sanawynda Singapur öňdeligi eýeleýär. Şeýlelikde, Günorta-gündogar Aziýadaky ada we şäher döwleti bolan Singapur dürli harytlaryň gymmatlygy bilen soňky 11 ýylda 9 gezek birinji bolupdyr.

Ikinji ýeri Şweýsariýanyň Sýurih şäheri eýeläpdir. Şäherde ýaşaýşyň bahasynyň artmagynda şweýsar frangynyň hümmetiniň artmagynyň täsiri uly bolupdyr.

Ženewa hem-de Nýu-Ýork hem degişlilikde, öňdäki orunlary eýeläpdir.Berlen maglumatda, Singapur bilen Sýurihde ýaşaýşyň bahasynyň deňeçerdigi mälim edildi. Ženewa bilen Nýu-Ýork hem deňeçer gymmatlykdaky şäherler hökmünde bellenildi.

Maglumatda gündelik durmuşda giňden peýdalanylýan 200-den gowrak haryt we hyzmatyň bahasy milli pul birliginde ortaça 7,4 göterim ýokarlanypdyr.Bu görkeziji geçen ýylky 8,1 göterimlik artyşdan birneme az.

Gonkong bäşinji, Los-Anjeles altynjy bolupdyr. Şeýle hem ilkinji onluga Pariž, Kopengagen, Tel-Awiw we San-Fransisko girizilipdir.

Ýaşaýşyň bahasynyň Aziýa şäherlerinde dünýäniň beýleki ýerlerindäkiden az gymmatlandygy bellenildi.

Sanawyň aşaky basgançagynda, ýagny iň arzan şäherler hökmünde Damask (Siriýa), Tapran (Peru), Tripoli (Liwiýa) we Karaçi (Pakistan) bar.

Agageldi Mämmetgeldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Saglyk howpsuzlygy boýunça täze global hasabata görä, Türkmenistanyň epidemiýalara taýýarlygy pes
Türkmenistan demokratiýa boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galýar
Türkmenistan demokratiýa boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galýar
Ýaşaýyş üçin zerur bolan harytlaryň nyrhy boýunça dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawy yglan edildi