Türkmenistan demokratiýa boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galýar

Türkmenistan demokratiýa boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galýar

Britaniýanyň “The Economist Intelligence Unit” barlag merkezi dünýä ýurtlarynyň demokratiýa görkezijileri boýunça ýyllyk indeksini çap etdi, onda dünýäniň 167 ýurdunyň hökümet dolandyryşyndakydemokratiýa derejelerine baha, reýting berilýär. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenistan bu reýtingde demokratiýa boýunça iň yzdaky ýurtlaryň arasyndaky ornuny saklaýar we bu gezek 162-nji orny aldy. “The Economist Intelligence Unit” neşiri 2011-nji ýylda Türkmenistany dünýä ýurtlarynda demokratiýanyň görkezijisi boýunça çap eden hasabatynda iň awtoritar režimli ýurtlaryň arasynda,yzdan üçünji orunda, Çad bilen Demirgazyk Koreýadan soňky ýerde goýdy. 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistan demokratiýa babatda yzdan altynjy orny eýeledi.

Has anygy, ekspertleriň gelen netijelerine görä, Türkmenistandaky demokratiýanyň derejesi Sudan, Gweneýe-Bissaý, Eýran, Eritreýa, Burundi, Laos, Liwiýa, Ýemen, Saud Arabystany, Ekwatorial Gwineýa ýaly ýurtlardaky demokratiýadan hem pesde bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, bu ýurtlaryň käbirinde uruş-gowga dowam etse, käbirine garşy girizilen ykdysady sanksiýalar saklanyp galýar. Ýurtlaryň hökümetlerine demokratiýa boýunça baha berlende, esasy görkezijiler hökmünde, syýasy dürlüligiň (plýuralizmiň) we saýlaw prosesiniň hili, hökümetiň netijeliligi, raýatlaryň syýasy kararalaryň kabul edilmegine gatnaşygy, syýasy medeniýetiň we jemgyýetdäki raýat azatlygynyň derejeleri nazarda tutulýar.

Bu ugurdaky görkezijiler boýunça Türkmenistan mümkin bolan 10 balldan 1,72 ball aldy we awtoritar düzgünli döwletlere degişli edildi.Has anyk aýdylanda, Türkmenistan saýlaw prosesi we plýuralizm babatda - 0 ball, hökümetiň netijeliligi boýunça -0,79, syýasy gatnaşyk boýunça - 2,22, syýasy medeniýetde - 5, raýat azatlygy meselsinde- 0,59 ball aldy.

Hökümetler alan ballary esasynda dört topara - Doly demokratiýa; Doly däl demokratiýa; Garyžyk režim; Awtoritar režim diýen toparlara bölünýär.Barlag geçirilen 167 hökümet dolandyryşynyň içinde demokratiýa derejeleri Türkmenistandan hem ýaramaz ýurtlar hökmünde diňe Çad, Siriýa, Merkezi Afrikan respublikasy, Kongo demokratik respublikasy we Demirgazyk Koreýa görkezilýär.

Barlagyň görkezijileri esasynda Norwegýa, Islandiýa, Şwesiýa, Täze Zelandiýa, Finlandiýa, Irlandiýa, Daniýa, Kanada, Awstraliýa we Şweýsariýa demokratiýa derejeleri iň ýokary bolan ýurtlar bolup çykdy.Reýtingde Türkmenistanyň ýakyn goňşularynyň biri bolan Gazagystan 139-njy, Orsýet 134-nji we Türkiýe 110-njy orny aldy.

Ýene degişli makalalar

Wena ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
Saglyk howpsuzlygy boýunça täze global hasabata görä, Türkmenistanyň epidemiýalara taýýarlygy pes
Türkmenistan demokratiýa boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galýar