Ýaşaýyş üçin zerur bolan harytlaryň nyrhy boýunça dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawy yglan edildi

Ýaşaýyş üçin zerur bolan harytlaryň nyrhy boýunça dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawy yglan edildi

The Economist Intelligence Unit tarapyndan taýýarlanylan Dünýäniň ýaşaýyş gymmaty 2020 indeksinde we bu indeks bilen baglanyşykly resminamadaky hasabatda täze koronawirus epidemiýasynyň oktýabr aýyna çenli dünýäniň 130 şäherinde harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyna täsir edendigi bellenildi. Şeýle-de, resmi maglumatda epidemiýanyň döreden şertleri sebäpli Sýurih bilen Parižiň şu ýyl Singapur bilen Osakadan geçip, dünýäniň iň gymmat şäherleri sanawyna girendigi habar berildi.

Resmi hasabatda soňky döwürde Şweýsariýa frankynyň we ýewronyň bahasynyň ýokarlanmagynyň bu 2 şäherde ýaşaýyş çykdajylarynyň ýokarlanmagyna täsir edendigi bellenildi.

The Economist Intelligence Unit" tarapyndan taýýarlanan indekse görä, ýaşaýyş üçin zerur bolan harytlaryň nyrhy boýunça dünýäniň iň gymmat 3 şäheri Sýurih, Pariž we Gonkongdyr, ondan soň Singapur, Tel-Awiw, Osaka, Ženewa, Nýu-York, Kopengagen we Los-Angeles bar.

Stambulyň bolsa şu ýyl ýaşaýyş üçin zerur bolan harytlaryň nyrhy boýunça dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda 15-nji orundan 111-nji oruna geçendigi habar berildi.

Ýaşaýyş üçin zerur bolan harytlaryň nyrhy boýunça dünýäniň iň gymmat 130 şäheriň arasyndan Almaty, Karakas, Lusaka, Daşkent we Damask şäherler sarp edijiler üçin iň arzan şäherler boldy.

Indeksde çap edilen hasabatda esasy zerurlyklaryň bahalarynyň birneme durnuklydygyna garamazdan epidemiýa döwri käbir önümleriň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Mysal üçin, epidemiýa döwründe kompýuter ýaly önümleriň bahasynyň gymmatdygyna garamazdan, bu önümlere bolan islegiň ýokarlanandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Ählumumy asudalyk indeksinde ýokary galdy
Türkmenistan ýurtlaryň asudalygyny ölçeýän indeksde 7 dereje ýokary galdy
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler