Efiopiýanyň ilkinji emeli hemrasy

Gündogar Afrikada ýerleşýän Efiopiýa öz maliýe serişdeleri bilen durmuşa geçirýän kosmos maksatnamasynyň çäklerinde ilkinji emeli hemrasyny älem giňişligine iberer.Oba hojalygy we magdan senagaty üçin ulanyljak emeli hemranyň 17-nji dekabrda Hytaýdan kosmosa çykarylmagy meýilleşdirilýär. “ETRSS-1” atly emeli hemrany ýurduň paýtagty Addis-Abebada gurlan dolandyryş merkezinden dolandyrmak meýilleşdirildi.Efiopiýanyň girdejisiniň uly bölegi oba hojalygy pudagyndan gelýär.

Soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi bilen oba hojalyk ekinlerine ýetirilýän ýaramaz täsirleri azaltmak üçin emeli hemrany döretmek zerurlygynyň ýüze çykandygy mälim edildi.Afrikanyň bu sebitinde Gana, Nigeriýa, Günorta Afrika we Ruanda ýaly ýurtlaryň hem öz emeli hemrasy bar.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly we matematika ylmy
Türkiyäniň daşary işler ministri Efiopiýa sapar gurar
Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri duşuşyk geçirdiler
Efiopiýada Afrikanyň iň uly howa menziliniň gurluşygyna başlandy
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
22.12.2017 | Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak” Rezolýusiýasyny kabul etdi