Ekskawatoryň taryhyndan

Ekskawatorlar gurluşyk, oba hojalyk we başga-da birnäçe ugurlarda giňden peýdalanylýar.Ekskawatorlar köplenç çukur ýa-da kanal gazmak üçin ulanylýan hem bolsa, köne binalaryň ýykylmagynda, käbir ýükleriň ýüklenmeginde, turba geçirijileri gurmakda we başga maksatlar üçin hem ulanylýar.

Ekskawatoryň taryhy senagat öwrülişigi bilen deňeçer.Emma bu ýöriteleşdirilen iş ulagy häzirki ýagdaýa gelmegi üçin köp üýtgeşmeleri başdan geçirdi.Ekskawatoryň ilkinji görnüşini amerikaly William S.Otis oýlap tapýar.

Demir ýol gurluşygyny bellenen wagtda tamamlamak maksady bilen gazylyp çykarylan topragy gysga wagtda aýyrmak üçin çözgüt gözleýär. Şol mahallar täze peýda bolup başlan bugly hereketlendirijili ýöriteleşen iş ulagynyň has netijeli boljakdygyna göz ýetiren William S.

Otis inžener dosty Çarlz H.Frençden kömek soraýar. Şeýlelikde, olar 1835-nji ýylda dünýäniň ilkinji ekskawatoryny işläp düzýärler.1882-nji ýylda bolsa, buguň güýjünden has netijeli peýdalanmak maksady bilen gidrawlik, ýagny suwuklyk bilen işleýän ekskawator peýda bolýar.

Bu ýöriteleşdirilen maşyny “Ser W.G.Armstrong & Company” şereketi Angliýada öndürýär. 1884-nji ýylda Riçard P.Tew aýlanýan ekskawatory işläp düzýär. Şondan soňky ýyllarda “Bucyrus” we “Marion Steam Shovel” şereketleri has kämil ekskawatorlary işläp düzýärler.1930-njy ýyllarda ekskawatorlarda hem beýleki motorly ulaglarda bolşy ýaly, dizel motor ulanylyp başlanýar.

Ilkinji ýagly gidrawlik ulgamly ekskawatory “Gradall” şereketi çykarýar.Häzirki wagtda hem önümçiligi dowam etdirilýän “Gradall” ekskawatorlarynyň esasy aýratynlygy onuň susgujynyň aýlanyp bilmegidir.Ilkinji tigirli ekskawatorlar Karlo we Mario Bruneri tarapyndan 1948-nji ýylda işlenip düzülýär. 1954-nji ýylda onuň patentini we önümçiligini SICAM kompaniýasy satyn alýar.

Bu kompaniýa soňra “Yumbo S25” modelini öndürýär.Bu modeliň esasy aýratynlygy öz daşyndan dolulygyna aýlanyp bilmegidir.Häzirki ekskawatorlara iň meňzeşi 1954-nji ýylda Germaniýada öndürilýär.Dizel hereketlendirijili, dolulygyna gidrawlik gurluşly we zynjyrly ulagy “Demag” kompaniýasy çykarýar. Şondan soňra ulanylmagynyň aňsatlygy, ýokary netijeliligi sebäpli gidrawlik ekskawatorlar susgujy ýüp bilen çekilýän ekskawatorlaryň ornuny alyp başlaýar. 1960-njy ýyllaryň ahyrynda susgujynyň göwrümi 7,6 kub metr bolan “Poclain EC1000” ekskawatory satuwa çykarylýar. 1980-nji ýyllarda susgujy 23 kub metrlik “RH-300” modeli peýda bolýar.

Häzirki wagtda 52 kub metrlik susgujy bolan ekskawatorlar magdan känlerinde we beýleki ýerlerde ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
"Iran Khodro" kompaniýasynyň we "Türkmenawtoulaglary" Agentliginiň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Çal we gaharlynyň 10-njy bölüminiň görkeziljek wagty belli boldy