EKSPO-2023 halkara sergisi geçirilýär

Kataryň paýtagty Dohada Ekspo-2023 halkara bagbançylyk sergisi açyldy. Ýaşyl çöl, has gowy daşky gurşaw şygary bilen geçirilýän sergide Türkmenistanyň milli pawilýony hem bar.Açylyş dabarasyna Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Jibuti Respublikasynyň Prezidenti Ismail Omar Gelle, Tanzaniýanyň Prezidenti Samiýa Suluhu Hasan, Yragyň Hökümet başlygy Muhammed Şia As-Sudani, Ýemeniň Hökümet başlygy Main Abdel Malik we beýleki birnäçe ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy.

100 gektar meýdany eýeleýän Al bidda park seýilgähinde geçirilýän Ekspo-2023 halkara bagbançylyk sergisi geljek ýylyň 28-nji martyna çenli dowam eder. Sergide 80 ýurduň pawilýonlary bolup, çäräniň ahyryna çenli 3 million myhmanyň baryp görmegine garaşylýar.

Rejepmuhammet NURMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Katarda “EKSPO-2023” halkara sergisi açyldy
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
6-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy