Katarda “EKSPO-2023” halkara sergisi açyldy

Kataryň paýtagty Dohada “Ekspo 2023” halkara bagbançylyk sergisi açyldy. “Has gowy çöl, has gowy daşky gurşaw” şygary bilen geçirilýän sergide Türkmenistanyň milli pawilýony hem bar.

Açylyş dabarasyna Kataryň Emiri Tamim ibn Hamad Al Tani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ibn Zaid Al Nahaýýan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Jibutiniň Prezidenti Ismail Omar Gelle, Tanzaniýanyň Prezidenti Samiýa Suluhu Hassan, Yragyň hökümet başlygy Muhammed Şia As-Sudani, Ýemeniň hökümet başlygy Main Abdel Malik, Ruandanyň hökümet başlygy Eduar Ngirente we beýleki birnäçe ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy.

Bu ýerde çykyş eden Kataryň hökümet başlygy Muhammed ibn Abdurrahman ibn Jasim Al Sani serginiň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

EKSPO-2023 halkara sergisi geçirilýär
Energetika pudagynda Ermenistan bilenTürkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň giňelmegi
Türkmenistan Hazar deňzinde nebit işlerini çaltlaşdyrmaga synanyşýar
Çawuşogly Kambojada IV ASEAN-Türkiýe Pudaklaýyn dialog hyzmatdaşlygyň 3-nji maslahatyna gatnaşdy
Mewlüt Çawuşogly Kambojada saparda bolýar
Erdogan, Yslamy Arkalaşyk Oýunlaryna Gatnaşýan Ýurtlaryň Liderleriniň Hormatyna Nahar Berdi