Prezident Erdogan Yslamy Arkalaşyk Oýunlaryny Başlatdy

Prezident R. T. Erdogan V Yslamy Arkalaşyk oýunlaryny başlatdy.

Prezident Erdogan, Konýanyň şäher häkimliginiň stadionynda, Yslamy Arkalaşyk sport federassiýasynyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirlen V Yslamy Arkalaşyk oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabara, Erdogan bilen birlikde Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Palestinanyň Premýer-ministri Muhammed Iştiýýe, Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, Alžiriň Premýer-ministri Eýmen bin Abdurrahman, Yslamy Arkalaşyk sport federassiýasynyň başlygy Şa Abdulaziz Bin Türki Al Faýsal Al Suud hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan açylyş dabarasynda sözlän sözünde, “V Yslamy Arkalaşyk oýunlaryny başladýarys. Oýunlaryň geçirilmegi üçin zähmet çeken her bir adamy öz adymdan we halkymyň adyndan gutlaýaryn. Oýunlar düşümli bolsun” diýdi.

Açylyş dabarasy Gurhanyň okalmagy bilen başlady. Oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylarynn stadiona gelmegi bilen Döwlet senasy ýerine ýetirildi we Türkiýäniň baýdagy, baýdak diňine göterildi.

Oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň türgenleri öz ýurtlarynyň baýdagy bilen stadiona geldi.

Musulman dünýäsiniň tanymal sungat ussatlaryndan Maher Zain hem V Yslamy Arkalaşyk oýunlarynyň açylyş dabarasynda konsert programmasy bilen çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan, Ysraýyl-Palestina Dartgynlygy Barada Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy
Energetika pudagynda Ermenistan bilenTürkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň giňelmegi
Türkmenistan Hazar deňzinde nebit işlerini çaltlaşdyrmaga synanyşýar
Çawuşogly Kambojada IV ASEAN-Türkiýe Pudaklaýyn dialog hyzmatdaşlygyň 3-nji maslahatyna gatnaşdy
Mewlüt Çawuşogly Kambojada saparda bolýar