Ekwadordaky ýer yranmasynda 450 adam ejir çekdi

Ekwadordaky ýer yranmasynda 450 adam ejir çekdi

Ekwadorda bolan güýçli ýer yranmasynda azyndan 15 adam pida boldy, ejir çekenleriň sany 446 adama golaýlady diýip, Ekwadoryň Prezidenti Gilýermo Lassonyň metbugat gullugy habar berdi. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Güýji 6,9 bal bolan ýerasty sarsgynlar bu Latyn Amerikasy ýurduny siltedi. Öýleriň 180-sine zeper ýetdi, 84-si ýykyldy, şeýle-de saglygy goraýyş edaralarynyň 33-sine zeper ýetdi, bäş köpri ýumruldy. Adamlar gorkup, binalardan gaçyp çykdylar.

Köp gatly jaýlar sanaýmaly sekuntlarda ýumruldy. Ýurduň iri Guýakilýu şäheri tebigy betbagtçylykdan has köp ejir çeken ýer boldy. Şenbeden ýekşenbä geçilýän agşam bolansoň, seýilgähler, muzeýler we söwda merkezleri köp adamlydy. Ýerasty sarsgynlary duýan dessine adamlar köçä ylgadylar. Ýüzlerçe öýler, mekdeplerdir hassahanalar haraba döndi. Ýer yranmasy ýurduň ülkeleriniň 24-sinden 13-sinde duýuldy.

Ýerli teleýaýlymlaryň biriniň tomaşaçylary ýer yranmasynyň göni ýaýlymda şaýady boldular. Güýçli sarsgynlar sebäpli göni ýaýlymyň alypbaryjylary studiýany terk etmeli boldular.

Puerto-Boliwar port şäherinde öýler suwa ýykyldy, adamlaryň köpüsi hatda köçä gaçybam ýetişmedi.

El-Oro ülkesinde muzeýiň pürs sütünleri ýykylyp, suwa gaçdy, kenarýakada ýerleşýän muzeýdäki gymmatlyklaryň köpüsi Ýuwaş ummana gark boldy. Ýerli ýaşaýjylar olary gaýyklarda halas etmekçi boldular.

Häzir Ekwadorda harabalary saýhallaýarlar, heläk bolanlaryň we ejir çekenleriň sany ýene köpelip biler.

Ýene degişli makalalar

Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ekwadorda Türkiýäniň Gözellikleri Sergisi Açyldy
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze düzümi
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar
Ekwadorda ilkinji metro işe başlady