Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlar bölümi tarapyndan Aşgabat şäherinde ýerleşýän 83-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda “El hünäri-il gezer” atly söhbetdeşlik we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Kitaphana işgärleri körpe gyzlara milliligimiz bolan el keşdeleriniň her biriniň aňladýan manysyny, nagyşly joraplaryň dokalyşyny, şeýle-de älemgoşar reňkli sapaklaryň reňkleriniň boýalyş aýratynlyklaryny birnäçe rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berdiler.
Mundan başga-da, kitaphanaçylar körpelere ertekili kitaplary köp okamaklygyň ähmiýetini düşündirip, ertekileriň gahrymanlarynyň batyrgaýlyk, edermenlik, bir sözlülik ýaly gowy häsiýetlerini özlerine siňdirýändikleri hakynda gürrüň berdiler.Söhbetdeşligiň dowamynda körpeleri sergilenen neşirler bilen tanyş etdiler hem-de birnäçe türkmen halk ertekilerini okap berdiler.
